«Hakyda göwheri» — zehin jöwheri

12 Dekabr 2024
158

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýmek bilen, milli taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň ýyl geçdigiçe öwüşgini artýan mähek daşy dek, gün-günden görklenýän göwher mysaly hakydalarda uly orun tutýandygy jähetden, ajaýyp kitabyny «Hakyda göwheri» diýip atlandyrandygyny buýsançly belleýär.

Dawut ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.