Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen «akylly» şähergurluşy bilen sebitde meşhur Arkadag şäheri ýaşlaryň, innowasiýanyň iň täze gazananlarynyň, geljegiň şäheridir. Şeýle uly geljegi bolan şäheriň gurluşyk taslamalaryny we «akylly» ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça täsin şäheri döretmek pikiriniň özi ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurdumyzyň geljegine strategik nukdaýnazardan garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip, «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary tarapyndan Arkadag şäheriniň 1072 sany ýaşaýyş jaýynda «LoraWan» standarty boýunça suwuň, gazyň, elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alýan enjamlary hasaba almak işlerini ýerine ýetirmek tabşyryldy. Bu işi ýerine ýetirmeklige ýokary okuw mekdebimiziň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň talyplary Täşli Nazarow, Azat Saryýew, Halmuhammet Agabaýew, Faruh Hasanow, Murat Rahmanberdiýew, Begenç Saparow dagy işjeň gatnaşdylar.