"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Arkadagymyzyň ak ýoly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere beslenýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolmagynyň, dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, binýadyny goýan taryhy tutumlarynyň miwesidigi äleme aýan bolan ajaýyp hakykatdyr. «Biz Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutduk. Onuň Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besledik» diýip nygtaýan Milli Liderimiziň ata Watanymyza, türkmen halkyna bolan nusgalyk söýgi-buýsanjy, pähim-paýhasy ýurdumyzy Ýer ýüzüni haýrana goýýan ösüşlere, özgertmelere besledi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyz dost-doganlygyň merkezine öwrülip, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk iň ýokary derejelere çykdy. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda durmuş-ykdysady taýdan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde hem Berkar

Jöwher paýhasyň gudraty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady taýdan dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biridigine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň hem rowaçlyklaryň ak ýoly bilen bedew badynda öňe barýandygyna diňe bir hakykatyň, ýagny birinji tapgyry bir ýyl mundan ozal dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň mysalynda hem halkara jemgyýetçiligi aýdyň göz ýetirdi. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga möhletiň içinde şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagyny sözüň doly manysynda gudrata deňemek bolar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Bilşimiz ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.

Magtymgulynyň şygyr bossanyna seýran

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramy bütin dünýäde giňden bellenilýär. Asuda asmanly parahat ata Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan döwründe halkara jemgyýetçiligi halkymyzyň buýsançly pursatlaryny bile paýlaşýar. Öňdengörüji, dana, parasatly akyldaryň şygyrlaryndaky türkmeniň merdanalygy, agzybirligi, dost-doganlyga bolan garaýşy, ahlak terbiýesi, edepliligi hem-de geljegi baradaky pikirleri bu gün ähli halkyň, ýaş nesliň terbiýesinde uly orun eýeleýär. Magtymgulynyň şygyrlarynda türkmen halkynyň dünýä halklarynyň arasynda milli oýunlaryň dürli görnüşleriniň döremegine we kämilleşmegine uly goşant goşandygy, şol oýunlaryň akyl başarnygyna täsiri baradaky jümlelere duş gelmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynda saglygyň gymmaty sagdyn durmuş medeniýetini we päk ahlaklylygy wagyz edýän setirleri onuň döredijiliginiň esasyny emele getirýär. Pyragynyň «Dert iňňildär» goşgusyndaky «Sadranç oýnap, nard iňňildär» ýa-da «Dert biläni» şygryndaky «Beg balasy sadranç oýnar nard bilen» diýen setirleri ünsüňi özüne çekýär. Nard halklaryň arasynda giňden ýaýran pähim-paýhas oýny bolup, ýüzi 24 hana bölünen düz tagtanyň üstünde oýnalýan 15 sany ak, 15 sany gara «heýkel-şekil» (şaşka) goýlup, ýüzünde birden alta çenli nokat goýlan iki sany daş (nard kubigi) bilen oýnalýan oýundyr. Türkm

Çagalaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy

Ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary bilen ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, Watana, il-güne peýdaly, ruhy hem beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Bagtyýar ýaş nesillerimizi pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe kadalary esasynda terbiýeläp ýetişdirmek hem häzirki wagtda döwlet derejesinde esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ugur almak, şolara salgylanmak çaga terbiýesi bilen iş salyşýan her bir adam üçin möhümdir.

Arkadag şäheriniň sport mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly üns-aladanyň beýanydyr. Bu ýerde bina edilen, sportuň 10 görnüşi üçin niýetlenen Köpugurly sport toplumynda geljekki çempionlary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Onda türgenleriň sportuň erkin we grek-rim göreşi, sambo, dzýudo, basketbol, futzal, woleýbol, gylyçlaşmak, agyr atletika, boks ýaly görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Mundan başga-da, sport desgasynda fitnes zallary hem-de okuw we internet otagy bar. Ylmy-barlag otagy, bejergi-sagaldyş otagy, 50 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem iş dolandyryş otaglary binanyň köpugurlylygynyň üstüni ýetirýär. Köpugurly sport toplumyna ýanaşyk ýerleşýän Sport merkezinde (suw sport toplumy) bolsa suwda ýüzmegiň ussatlary bilen birlikde, ýaş türgenlere ýokary netijeleri gazanmaga ähli şertler bar. Onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän uly howuzda (uzynlygy 50 metr) suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanýanlara hemme mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde suw pökgüsi bilen meşgullanýan türgenler hem öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, toplumda hereket edýän çagalar üçin attraksionly suw howzy körpeleriň iň geli

Ussatlyga ýetiren futbol menzili

Garaşsyzlyk ýyllaryndaky türkmen futboly we onuň görnükli wekilleri hakynda söhbet edilmeli bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Arkadag şäheriniň «Arkadag» toparynyň tejribeli ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowy ilkinjileriň hatarynda buýsanç bilen agzamak bolar. Onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çempionatlarynda, milli ýygyndymyzyň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen oýunlary futbol bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmak bilen birlikde, çykyş eden ýurtlarynyň futbol janköýerleriniň arasynda hem uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arslanmyrat Amanow 1990-njy ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzda dünýä inip, futboldaky ilkinji ädimlerini hem ak mermerli Aşgabatda ätdi. Ol 2011-nji ýylda ýurdumyzyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Galan maglumatlary bolsa türkmen futbolynyň ösmegine, at-abraýynyň beýgelmegine eýýäm ençeme ýyldan bäri yhlas bilen goşant goşup gelýän futbolçynyň özi bilen guran söhbetdeşligimizden tapyp bilersiňiz. – Arslanmyrat, her bir daragtyň boý almagy, ösüp-ulalmagy üçin irginsiz idegiň gerek bolşy ýaly, topy ýaňy depmegi öwrenen çagadan sözüň doly manysyndaky hakyky futbolçynyň ýetişmegi üçinem yhlas baryny edýän halypa gerek. Şol esasdan, futboldaky ilkinji ädimleriň, ussat futbolçy bolup ýetişmegiňde tagallasyny gaýgyrmadyk tälimçileriň baradaky gürrüň bilen söhbedimize başlaýaly?

Işigi atly, töri döwletli türkmen

Türkmen halkynda «Aty çykmak» diýen düşünje şatlykly wakanyň buşlugy hökmünde kabul edilýär. Her ýylyň ýazky hem-de güýzki at çapyşygy möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz meşhur ahalteke atlary, görnükli seýisler, atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmen we dünýä atşynaslaryna giňden açylyp görkezilmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerini içgin öwrenýän dünýäniň belli atşynaslaryň, alymlaryň we hünärmenleriň, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge we olaryň işlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şonuň üçin bu gün watandaşlarymyzyň, hususan-da, behişdi bedewlerimiziň muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.

Geldi Poşa pälwan

(So­ňy. Baş­lan­gy­jy ga­ze­tiň ge­çen sa­nyn­da). Toý göreşine ýygnanan mähelle bu ýagdaýa haýran galýar. Ýykylan pälwan ýerinden turjak bolanda märekeden: «Turjak bolup azara galma, Geldi Poşa seni öňki ýeriňde oturtdy. Indi arkaýyn dynjyňy al» diýen sesler eşidilýär. Geldi pälwan ýeňiş gazanyp, goýlan baýragyň eýesi bolýar. Soňra toý pälwanyny kesgitlemek üçin Geldi Poşa bilen Çopan ajy göreşe çykarýarlar. Gökdepeli pälwan gumly pälwany çepine göterip uranda, märekäniň şowhuny artýar. Agyr garşydaşyny çepine göterip uran Geldi Poşanyň dyzy ýere degýär. Muny kän bir aňan adam bolmasa-da, ol mertlik bilen, ýeňlendigini bekewüle aýan edýär.

Türkmenistan – sport ýurdy

Türkmenistan – sport ýurdy. Bu jümläniň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýedigine ýurdumyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň hem-de döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň çar künjeginden müňlerçe janköýerleriň ünsüni eziz Diýarymyza gönükdiren şol ýaryşlar, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrýan başlangyçlar yklymlary, halklary ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen dürdäne sözleriniň uly ykrarnama eýe bolan hakykatdygyna biz ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşanlaryň we sport muşdaklarynyň hoşallyklara beslenen sözlerini diňlänimizde hem aýdyň şaýat bolýarys.

Galkynýan göwünleriň goşa ganaty

Toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýan döwründe ýaşamagyň, okamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň özi uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýatdan çykmajak dabaralara besleýän baýramlarynyň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. «Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir.

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­lik­le­ri­niň hü­när­men­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan mas­la­ha­ty ko­mi­te­tiň sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Ju­ma Ju­ma­ýew aç­dy. Soň­ra Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we gim­nas­ti­ka ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my Döw­ran My­ra­dow Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy, äh­mi­ýe­ti hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň bu oýun­la­ra gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça çy­kyş et­di.

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

Eziz Diýarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň hem-de ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ilatyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi ugrundaky netijeli işleriň özenini düzýär. Şeýle ähmiýetli ädimler bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzda guralýan dünýä we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki şeýle bäsleşikler diňe bir türkmen sportunyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagynda möhüm mazmuna eýe bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bu ugruň ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirmekde hem diýseň düýpli ädimdir. Ata Watanymyz şeýle iri sport baýramçylyklaryny geçirmekde baý tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Abraýly ýaryşyň medallary

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna mynasyp boldular. 8 – 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen bu ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi.

Sport mekdeplerinde

Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bedenterbiýe we sport ýaşlaryň ähli babatda kämillige ýetmeginiň, durmuşda mynasyp ornuny tapmagynyň esasy serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport düzümleri döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň çägindäki sport mekdeplerinde we beýleki iri sport desgalarynda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolsa beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde netijeli çäreleri alyp barýarlar.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýurdumyzyň sport älemindäki üstünliklerine mynasyp goşant goşup gelýän ýaş dzýudoçy Serdar Rahymow ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyplarynyň biridir. Ol ýakynda Duşenbede geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň dünýä tapgyrynda altyn medala mynasyp bolmak bilen, türkmen sportunyň taryhynda ajaýyp netije gazandy. Täjigistanyň paýtagtynda guralan bu abraýly bäsleşikde Olimpiýa oýunlarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň baýrak eýeleriniň çykyş edendigini hem bellemek gerek. Talyp türgenimiziň olaryň arasynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy guwandyryjydyr. 66 kg agramda çykyş eden Serdar Rahymow bäş tutluşyk geçirip, ählisini öz peýdasyna tamamlady. Netijede ol kadetleriň arasynda Aziýa Kubogy — 2019-nyň kümüş medalçysy B.Ulziibaýarany (Mongoliýa), Panamerikan oýunlary — 2023-niň wise-çempiony Ž.Fraskadorany (Kanada), Bakuwda geçen Uly tuwulga — 2022-niň kümüş medalynyň eýesi M.Halifaýewi (Täjigistan), ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa Kubogy — 2019-nyň ýeňijisi B.Wajiýewi (Özbegistan), soňky ýyllarda geçirilen abraýly ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi O.Jebowy ahmyrda goýdy.

Futbol täzelikleri

Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­si­ne gö­rä Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U20) «I» to­par­ça­da bäs­le­şer. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň (ýer eýe­le­ri) we Mýan­ma­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şarlar.

Gujurly gollar

Şol günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň agyr atletika zaly adatdakydan köp adamly boldy. Bu ýere gelenler pauerlifting we armrestling – el göreşi boýunça geçirilen şäher çempionatynyň çekeleşikli bäsleşikleriniň şaýady boldy. Berkarar döwletimizde sport ulgamynyň ösüşine uly üns berilmegi netijesinde bu sport görnüşleri-de köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu çempionat hem onuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, pauerlifting – üç güýjüň bäsleşigi diýmegi aňlatsa, armrestling sözi gol, el göreşi diýmekdir. Diňe paýtagtymyzyň çäginde «Atletika» sport klubuna degişli zallarda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde, Aşgabat Energetika orta mekdebiniň ýöriteleşdirilen zalynda bu sport görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna-da gatnaşyp, medally orunlary eýeleýärler. Bu ugurda tejribeli türgenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şu ýerde pauerlifting, armrestling ýaly täsin we gyzykly sport görnüşleriniň ençemesiniň meşhurlyga eýe bolmagynda uly iş bitiren halypa tälimçiler, sport ussatlary Ahmet Pirowowyň, Igor Zeýnalowyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar.

Geldi Poşa pälwan

Ahal ýaýlasynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Gökdepe (häzirki Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde) obasynda 1946-njy ýylyň 12-nji fewralynda Berdimyrat Amandöwlet oglunyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Oglanjyga Geldimuhammet diýip at dakýarlar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarygije Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bolan güýçli ýertitremesinde heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk Geldimuhammet kyblasyny ýitirýär. Berdimyrat kiçijik wagtlary posalajyk çaga bolansoň, ene-atasy oňa: «Posalajygym, posalajygym...» diýip, söýgülemegi bilen onuň ýörgünli ady «Poşa» bolup galyberýär. Şeýlelikde, onuň nesil ýaýrawynyň hem familiýasy Poşaýewler bolýar. Geldimuhammet doganlary Han, Nabat, Ejegyz we Ogulgerek dagy bilen ejesiniň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. 1953-nji ýylda bolsa, ýedi ýaşly oglanjyk käbesinden hem jyda düşýär. Kakasynyň Poşa ady onuň adynyň yzyna goşulyp, halk arasynda ýörgünli ady Geldi Poşa bolýar.

Talyplar futzal meýdançasynda

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda Halkara Olimpiýa güni mynasybetli «Olimpiýa ýörelgeleri bagtyýar ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen futzal ýaryşyna badalga berildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň baş baýragy ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň 12-si bäsleşýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi 23-nji iýunda belli bolar.

«Dürdänedäki» şatlykly günler

Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç almagy, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şolaryň biridir. Dag etegindäki ajaýyp tebigatly, sapaly howaly ýerde gurlan merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenendir. Çagalaryň şatlykly sesleri uzaklardan eşidilýär. Olaryň bir topary sportuň dürli görnüşleri, birnäçesi oýun oýnamak, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. «Dürdänede» sport meýdançasy, kinozal, mejlisler zaly, amfiteatr, kitaphana, naharhana we suw howuzlary çagalaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki ene-atalara niýetlenilen myhmanhana hem amatly şertler bilen üpjün edildi.