"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý guralmagy

Tomus pasly çagalaryň iň halaýan möwsümidir. Bu döwürde olar mekdeplerini tamamlap, dynç alşa çykýarlar. Çagalar ýurdumyzyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerine uly ruhubelentlik bilen gelýärler. Olary garşylamak, merkezlere ýerleşdirmek, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini guramak, elbetde, merkezlerde işleýän mugallymlaryň başarnyklaryna, tejribelerine bagly bolup durýar. Bu zerurlyklardan ugur alyp, mugallymlar merkezleriň meýilnamasyny dynç alýan çagalaryň isleglerine, döwrüň talaplaryna laýyklykda düzýärler. Meýilnamadaky her bir çäre çagalarda watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, ýokary ahlaklylygy, dostluga wepalylygy, zähmetsöýerligi terbiýelemegi göz öňünde tutýar. Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de welaýat merkezlerindäki çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleri arassa ahlakly, öz hukugyna hem borjuna oňat düşünýän medeniýetli nesilleri terbiýelemegiň ojagydyr.

Kärine kämil zenan

Ha ynanyň, ha ynanmaň, Käkil mugallymyň tigir sürýäni-hä hak. Özem, 70 ýaşyň içinde. Ol ýaşaýan ýeri bilen işleýän mekdebiniň aralygyndaky bäş kilometrlik ýoly tigirli geçýär. Bu obanyň gyz-gelinleri meýdan işine-de tigirli gatnaýarlar. Hawa-da, hiç kime ýük-alada bolman, tigriň bilen barmaly ýeriňe çalt hem kösenmän ýetip bilýäň. Onsoňam, tigir sürmegiň ynsan saglygy üçin neneňsi peýdalydygyny oba adamlaryna tekrarlamagyň hajaty ýok. Olar mähriban Arkadagymyzyň paýtagtymyza tigirli gezelençlerini mawy ekran arkaly hezil edip synlaýarlar, guwanýarlar hem bu göreldäni dowam etdirmäge çalyşýarlar. Gyşyň aňzagy, tomsuň epgegi diýmän, tigirli işe gatnaýan Käkil mugallym hem özüni diýseň sagdyn, ruhubelent duýýar, «ylgap ýöreýär» diýilýänlerden. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çar künjegindäki oba-kentleriň hatarynda Gultak obasy-da täze keşbe girip, ýol-ýodalar abatlandy, asfalt düşeldi. Indi tigri höwesine sürübermeli. Bugdaýreňkden gelen agajetli, häsiýeti boýunça galjaň, ilgezik zenanyň mugallymçylyk kesbi-kärinde işleýänine ýarym asyr töweregi wagt bolupdyr. Käkil mekdebe gatnap başlan gününden diýen ýaly, okuwdan soň deň-duşlary bilen kolhoz meýdanynda işledi, gowaça otady, ýekeleme etdi, pagta ýygdy, körek arassalady. Ýöne okuwyny welin, hiç wagt ünsden düşürmedi. Okuwa gatnaşygy we ýetişigi boýunça diňe synpynda däl, tutuş mekdepde hem göreldeli okuwçyla

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan ylym-bilim baradaky dürdäne jümleler

Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek. Çünki ylymdaky kesgitleme hem gutarnykly netije däldir. Onuň subut edilmegi degişli ýagdaýa laýyklykda mümkindir. Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. ***

Diller dünýäsi

Çagalar, bilýäňizmi, dil öwrenmek size dünýäniň ençeme ýerlerinden dost tutunmaga, ertekilerdäki gahrymanlaryňyzyň sanynyň köpelmegine, iň esasy bolsa, siziň juda başarnykly adam bolup ýetişmegiňize ýardam berýär. Kiçijikdigine garamazdan, eýýäm ençeme dilleri özleşdirmegi başarýan käbir deň-duşlaryňyzyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlamagynda guralan ýörite sapaklara gatnaşyp, olaryň beren gyzykly gürrüňlerini size ýetirýäris. Ýedi ýaşda dördünji dili öwrenmäge başlady

Möwsümleýin sapaklary guramak

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna we möwsüme görä işleriň meýilnama esasynda guralmagy zerurdyr. Bu işe terbiýeçiniň jogapkärçilikli çemeleşmegi zerurdyr. Tomus paslynyň gelmegi bilen guralýan her bir sapakda oýun sagatlaryny täsirli we gyzykly geçirmek esasy işleriň biridir. Çagalary terbiýelemekde olar bilen guralýan oýun sapaklarynyň dürli usullary bar. Bu usullar terbiýeçiniň çagalara täze bilim, başarnyk we endik öwretmek üçin saýlap alan iň amatly ýoludyr. Çagalara terbiýe we bilim bermekde okatmagyň usullarynyň birnäçe görnüşleri bolup, oňa görkezmek, söz, tejribeçilik, oýun usullary degişlidir.

Çeper edebiýatyň ähmiýeti

Çagalary terbiýelemekde söz sungatynyň, ýagny dilden-dile geçip gelen halk döredijiliginiň, nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň edebi mirasynyň ähmiýeti biçak uly bolup, olaryň terbiýeçilik täsiri çagalar üçin-de, ulular üçin-de güýçlüdir. Bäbejik hüwdi bilen rahatlandyrylýan, dünýä inen ilkinji günlerinden enäniň arzuwlary aňyna siňdirilýän bolsa, ulaldygyça oňa goşgular okap, ertekilerdir hekaýalar gürrüň berilýär. Bu işleriň binýady maşgalada tutulyp, çagalar bagynda dowam etdirilýär. Sözleýiş kämilligi, daş-töweregine, deň-duşlaryna, ululara bolan hormat-sylag maşgalada kemala getirilýär, ösdürilýär. Bu işlerde çeper dilde beýan edilen edebi mirasymyzdan peýdalanmagyň, beýik şahsyýetlerimiziň döredijiliginden çagalara okap bermegiň ähmiýeti uludyr. Alym şahyrlarymyz mekdebe çenli ýaşly çagalara edebi eserleri öwretmegiň ähmiýetiniň uludygyny, ol eserleriň körpeleriň düşünjesini ösdürýändigini, söz baýlygyny artdyrýandygyny öz işlerinde belleýärler. Olar körpelere güýçýeterli, düşnükli bolan eserleriň alynmalydygyny, ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar tarapyndan öwredilmelidigini maslahat berýärler. Bu aýdylýanlary gadymyýetiň gatlaryndan habar berýän eserlerimiz hem subut edýär. Beýik alym Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» eserinde gadymy danalaryň biriniň şeýle sözleri mysal getirilýär. Dana öz çagasynyň terbiýeçisine: «Olara dogruçyllygy öwret. O

Sanly habar beriş serişdeleriniň işi — döwrüň talaby

Häzirki zaman dünýäsi sanly tehnologiýalar, olaryň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. «Sanly ykdysadyýet», «sanly bilim», «sanly lukmançylyk» ýaly düşünjeler gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanylýar. Şol düşünjeleriň üsti soňky döwürlerde «sanly žurnalistika» adalgasy bilen ýetirildi. Ylmyň hem tehnologiýanyň ýokary depginler bilen ösýän döwründe habar beriş serişdeleriniň hem sanly ulgama geçirilmegi döwrüň talaby bolup durýar. Şu talapdan ugur alyp, Türkmenistanda sanly habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly habar beriş serişdeleriniň dürli görnüşleri, şol sanda elektron neşirler, habarlar saýtlary hereket edýär. Bu ugurdan ökde hünärmenleri taýýarlamak, ösen halkara tejribäni durmuşa ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýörite okuwlar guralyp, sanly žurnalistikanyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.

Ruhy dünýäniň genji-hazynasy

Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda kitaba goýulýan sarpa has belende göterildi. Çünki kitap — ylmyň açary, ruhy dünýäniň genji-hazynasy. Kitabyň ynsan aňyýetiniň ösüşinde tutýan orny barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda aýratyn bellenilip geçilýär. Bu gymmatly kitapda ýazylyşy ýaly, «Kitap tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär. Ynsanyň watançylyk, sowatlylyk, medeniýetlilik derejesini ösdürmekde kitabyň uly orny bardyr. Bahasyna ýetip bolmajak, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan gymmatly kitaplar kitaphanalarda jemlenýär. Bu bolsa, kitaphanalaryň ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýän mukaddes ojakdygyny alamatlandyrýar.

Körpelere milli oýunlary öwretmek

Körpäniň mekdebe çenli çagalar edarasynda bilim-terbiýe almagy möhümdir, sebäbi çaga ol ýerde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalary ýuwaş-ýuwaş öwrenýär. Men çagalar bagynda oýun sapaklaryny hem guraýaryn. Reňkli kagyzlardan dürli haýwanjyklaryň, gülleriň, gök önümleriň şekillerini özbaşdak ýasamaga mümkinçilik döredýärin. Hereketli slaýdlar ýasap, çagalara ertekileri gürrüň berýärin. Ertekilerde haýsy haýwanlar we ynsanlar hakynda gürrüň edilýändigini soraglaryň üsti bilen olaryň ýatda saklaýjylygyny barlaýaryn. Şeýle hem, slaýdlarda haýwanlary we ösümlikleri görkezýärin. Ilki olaryň atlaryny aýdýaryn. Soňra olaryň atlaryny çagalaryň özlerine aýtdyryp, şolaryň nirelerde duşýandygyny soraýaryn. Olar öýlerinde, joralarynda ýa dostlarynda bar bolan haýwanlaryň we ösümlikleriň atlaryny ýeke-ýeke aýdýarlar. Körpeler gezelenje gidenlerinde ýolda gören we baran ýerlerinde bar bolan haýwanlaryň, ösümlikleriň atlaryny aýdyp, olaryň hereketleri barada hem gürrüň berýärler. Çagalar özleri üçin gyzykly bolan oýun sapaklaryny öýlerinde-de ene-atalary bilen dowam etdirýärler. Olaryň täze haýwanlary we ösümlikleri, miweleri tanamak üçin gyzyklanmalary artýar.

Çaga terbiýesinde matallaryň orny

Gadymy döwürden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz heňňamlaryň gatynda kämilleşdirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimize belent sarpa goýulýar. Her bir ynsanyň ylym-bilim, ahlak, edep-terbiýe taýdan kämil bolup ýetişmegi zerurdyr. Bu babatda ata-babalarymyz örän köp zähmet çekipdirler.

Dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürip

Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, aýratyn-da, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, ylmy edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ermenistanyň Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen ylalaşyk esasynda işleşip gelýär. Bu iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birek-birekden öwrenmek, tejribe alyşmak babatda geçirilýän teleköprüleriň ähmiýeti-de uludyr.

Ýaş nesil baradaky alada

Hormatly Prezidentimiziň kanunçylygyň goragynda durup, hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak, hukuk medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Esasan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän şol çärelerde milli kanunçylyk giňden, hemmetaraplaýyn düşündirilip, ýaşlarymyza kanuna laýyk hereket etmek, hukuk taýdan düşünjeli bolmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukugy bilmek, borja düşünmek, ähli hereketlere jogapkärçiligi duýmak öwredilip, hukuk taýdan medeniýetli bolmak wagyz-nesihat edilýär. Şu günki ýaşlar — Watanymyzyň ertirki eýeleri. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, öwrenmekleri, ylym-bilim alyp, mähriban halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimizde ähli şertler döredilendir.

Ak ýollara rowana (Uçurym — 2021)

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlaryň gutardyş dabaralary geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda okuwyny üstünlikli tamamlap, täze durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň müňlerçesi bu gün saýlap alan hünäriniň eýesi boldular. Şeýle şatlykly, tolgundyryjy günlerde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem 2020-2021-nji okuw ýylynda nobatdaky uçurymlaryny işe ýollady. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň düzüminiň üýtgedilmegi bilen döredilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty indi ikinji gezek öz uçurymlaryny goýberdi. Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem ýokary okuw mekdebimizde şu mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy. «Uçurym» aýdymynyň ýaňlanmagy bilen başlanan çäräniň dowamynda institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, ata-eneler uçurymlara tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edip, olara ömrüniň täze basgançagynda ak ýol arzuwladylar.

Ak ýol size, uçurymlar!

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2020 — 2021-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň gutardyş dabarasy boldy. Dabara döwlet synag toparynyň agzalary, uçurymlaryň ata-eneleri, uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Bu ýokary okuw mekdebini şu ýyl 28 hünär boýunça 1045 talyp tamamlap, şolaryň 54-si tapawutlanan diploma eýe boldy. Okuwda tapawutlanan uçurymlara gül desseleri, ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» aýdym-saz toparynyň, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerdäki şowhuny has-da artdyrdy. Uniwersitetde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Uçurymlaryň birnäçesi bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň talyby», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Talyp gözeli» ýaly ylym-bilim, döredijilik bäsleşiklerine, şeýle-de halkara olimpiadalaryň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Uçurymlaryň içinde her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolup, Gahryman Arkadagymyzyň sowgadyna mynasyp bolanlaryň hem bardygyny bellemek gerek.

UÇURYMLARYŇ DABARASYNDA

Hojamyrat HOJANAZAROW, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan:

Ylym — kämilligiň binýady

Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli bilim-ylym ulgamy kämilleşdirilýär, ösüp gelýän ýaş nesil milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenýär, olar ylmy işlere giňden çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Ýaşlar özleriniň ylmy açyşlary bilen ýurdumyzy gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda dürli ylmy bäsleşikler geçirilip, ýaşlarymyz olara işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi olaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga, döredijilik hyjuwyna giň ýol açýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ylmyň ösen ýerinde ýokary ykdysadyýet we gülläp ösüş bolýandyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär. Ylym ulgamynyň gurluşy, dolandyrylyşy, hukuk binýady kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman ylmyny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri, alymlary taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Ylym ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelý

Sanly ulgam — täze mümkinçilikler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hünär binýady

Gözel paýtagtymyzyň 140 ýaş toýy bilen goşalanyp gelen «Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň müňlerçesine özbaşdak durmuşa çagyryş bolup ýaňlandy. Indi mekdep uçurymlarynyň öňünde hünär saýlamak meselesi ör-boýuna galyp dur. Olaryň kimsi ykbalyny ene toprak bilen baglanyşdyrmak islese, kimleri Hydyr gören çöllerde mal bakmagyň höwesinde. Maksat-menzillerini orta hünär mekdeplerine gönükdirýänlerem, ýokary bilime teşnelerem az däl. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn, hünäriň hordasy ýok. Ýöne gürrüň ony saýlap bilmekde. Orta mekdeplerde hünär taýýarlygynyň binýady goýlan ýaşlar kesp-kär saýlamakda kösenmeýärler. Hünär atly altyn hazynadan ýetdik paýlaryny almak üçin, ynamly gadam goýýarlar. Okuwçynyň oňat okamagynda, özüni tertip-düzgünli alyp barmagynda, gözýetiminiň giň bolup, ukyp-başarnygynyň artmagynda, orta mekdebi tamamlansoň, belli bir hünär saýlamagynda mekdepde sapakdan daşary geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Milli baýramçylyklara bagyşlap diwar gazetini çykarmak, mekdep howlusyna we daş-töweregine bag nahallaryny oturtmak, aýdym-saz, haly, suratçylyk, keşdeçilik, çeper okaýyş... ýaly dürli gurnaklara gatnamak ýaşajyk we höwesjeň kalplara şatlyk paýlaýar. Şunuň ýaly bähbitli işler bir tarapdan, eziz Watana, päk zähmete, nepis gözellige bolan söýgini artdyrsa, ikinji bir tarapdan, okuwçynyň belli bir kär, hünär saýlamagyna hem oňaýly täsir edýär. Çaga kalbyny he

Bagtyýarlyk zamanamyzyň watan goragçylary

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan ýylynda her bir günümiz mähriban halkymyzy bagtyýarlyga besleýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ýokary bilimli hünär derejesine eýe bolmaga uly mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary üçin edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletimiz günsaýyn galkynýar, has-da beýgelýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň pähim-parasada ýugrulan bu sözleri ýurdumyzyň ylymda, bilimde, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, galyberse-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünliklerimiziň ylym-bilimden gözbaş alýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Arzyly arzuwlary külterläp

Arzuw — bu ullakan deňiz. Aňyrsy-bärsi görünmeýän, iki ýana tolkun atyp duran deňziň kenarynda barmak basyp sanardan kän gämiler ýüzüp ýör. Şol gämiler her bir ynsana berkidilen. Ynsanlar özlerine berkidilen gämilerini bejerýärler, bezeýärler, olara öz arzuwlaryny ýükleýärler. Olar özlerine berkidilen, arzuwlardan doly gämilerini gatbar-gatbar tolkunlardan aşyryp, wysallaryna sary kürekläp barýarlar. Ynha, şeýle arzuwly kenara ýüzüp gelýän gerçeklerimiziň gämisi, olary çagalyk arzuwlaryna ýetirdi. Ýüzleri şatlykdan ýaňa püre-pür, ýürekleri arzuwly, dilleri senaly Watan goragçylarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.  — Ilki bilen-ä uçurymlar, sizi ýokary harby okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Söhbetdeşligimiziň başynda arzyly arzuwly menzilleriňiz hakyndaky mesawy gürrüňleriňiz bilen başlaýsak. Ýazgeldi MEREDOW, leýtenant,uçurym: