Dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürip

19 Iýun 2021
1048

Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, aýratyn-da, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, ylmy edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ermenistanyň Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen ylalaşyk esasynda işleşip gelýär. Bu iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birek-birekden öwrenmek, tejribe alyşmak babatda geçirilýän teleköprüleriň ähmiýeti-de uludyr.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».