Ak ýol size, uçurymlar!

18 Iýun 2021
1156

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2020 — 2021-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň gutardyş dabarasy boldy. Dabara döwlet synag toparynyň agzalary, uçurymlaryň ata-eneleri, uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Bu ýokary okuw mekdebini şu ýyl 28 hünär boýunça 1045 talyp tamamlap, şolaryň 54-si tapawutlanan diploma eýe boldy. Okuwda tapawutlanan uçurymlara gül desseleri, ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» aýdym-saz toparynyň, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerdäki şowhuny has-da artdyrdy.

Uniwersitetde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Uçurymlaryň birnäçesi bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň talyby», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Talyp gözeli» ýaly ylym-bilim, döredijilik bäsleşiklerine, şeýle-de halkara olimpiadalaryň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Uçurymlaryň içinde her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolup, Gahryman Arkadagymyzyň sowgadyna mynasyp bolanlaryň hem bardygyny bellemek gerek.

(Ýörite habarçymyz).