Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý guralmagy

24 Iýun 2021
970

Tomus pasly çagalaryň iň halaýan möwsümidir. Bu döwürde olar mekdeplerini tamamlap, dynç alşa çykýarlar. Çagalar ýurdumyzyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerine uly ruhubelentlik bilen gelýärler. Olary garşylamak, merkezlere ýerleşdirmek, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini guramak, elbetde, merkezlerde işleýän mugallymlaryň başarnyklaryna, tejribelerine bagly bolup durýar. Bu zerurlyklardan ugur alyp, mugallymlar merkezleriň meýilnamasyny dynç alýan çagalaryň isleglerine, döwrüň talaplaryna laýyklykda düzýärler. Meýilnamadaky her bir çäre çagalarda watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, ýokary ahlaklylygy, dostluga wepalylygy, zähmetsöýerligi terbiýelemegi göz öňünde tutýar.

Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de welaýat merkezlerindäki çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleri arassa ahlakly, öz hukugyna hem borjuna oňat düşünýän medeniýetli nesilleri terbiýelemegiň ojagydyr.

Güljemile ANNAMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hünärmeni.