Körpelere milli oýunlary öwretmek

20 Iýun 2021
1420

Körpäniň mekdebe çenli çagalar edarasynda bilim-terbiýe almagy möhümdir, sebäbi çaga ol ýerde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalary ýuwaş-ýuwaş öwrenýär.

Men çagalar bagynda oýun sapaklaryny hem guraýaryn. Reňkli kagyzlardan dürli haýwanjyklaryň, gülleriň, gök önümleriň şekillerini özbaşdak ýasamaga mümkinçilik döredýärin. Hereketli slaýdlar ýasap, çagalara ertekileri gürrüň berýärin. Ertekilerde haýsy haýwanlar we ynsanlar hakynda gürrüň edilýändigini soraglaryň üsti bilen olaryň ýatda saklaýjylygyny barlaýaryn. Şeýle hem, slaýdlarda haýwanlary we ösümlikleri görkezýärin. Ilki olaryň atlaryny aýdýaryn. Soňra olaryň atlaryny çagalaryň özlerine aýtdyryp, şolaryň nirelerde duşýandygyny soraýaryn. Olar öýlerinde, joralarynda ýa dostlarynda bar bolan haýwanlaryň we ösümlikleriň atlaryny ýeke-ýeke aýdýarlar. Körpeler gezelenje gidenlerinde ýolda gören we baran ýerlerinde bar bolan haýwanlaryň, ösümlikleriň atlaryny aýdyp, olaryň hereketleri barada hem gürrüň berýärler. Çagalar özleri üçin gyzykly bolan oýun sapaklaryny öýlerinde-de ene-atalary bilen dowam etdirýärler. Olaryň täze haýwanlary we ösümlikleri, miweleri tanamak üçin gyzyklanmalary artýar.

Ogulsuraý GELDIÝEWA,
Mary şäherindäki 51-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.