Sanly habar beriş serişdeleriniň işi — döwrüň talaby

21 Iýun 2021
1123

Häzirki zaman dünýäsi sanly tehnologiýalar, olaryň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. «Sanly ykdysadyýet», «sanly bilim», «sanly lukmançylyk» ýaly düşünjeler gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanylýar. Şol düşünjeleriň üsti soňky döwürlerde «sanly žurnalistika» adalgasy bilen ýetirildi. Ylmyň hem tehnologiýanyň ýokary depginler bilen ösýän döwründe habar beriş serişdeleriniň hem sanly ulgama geçirilmegi döwrüň talaby bolup durýar. Şu talapdan ugur alyp, Türkmenistanda sanly habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly habar beriş serişdeleriniň dürli görnüşleri, şol sanda elektron neşirler, habarlar saýtlary hereket edýär.

Bu ugurdan ökde hünärmenleri taýýarlamak, ösen halkara tejribäni durmuşa ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýörite okuwlar guralyp, sanly žurnalistikanyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.

(Ýörite habarçymyz).