Möwsümleýin sapaklary guramak

22 Iýun 2021
1131

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna we möwsüme görä işleriň meýilnama esasynda guralmagy zerurdyr. Bu işe terbiýeçiniň jogapkärçilikli çemeleşmegi zerurdyr. Tomus paslynyň gelmegi bilen guralýan her bir sapakda oýun sagatlaryny täsirli we gyzykly geçirmek esasy işleriň biridir. Çagalary terbiýelemekde olar bilen guralýan oýun sapaklarynyň dürli usullary bar. Bu usullar terbiýeçiniň çagalara täze bilim, başarnyk we endik öwretmek üçin saýlap alan iň amatly ýoludyr.

Çagalara terbiýe we bilim bermekde okatmagyň usullarynyň birnäçe görnüşleri bolup, oňa görkezmek, söz, tejribeçilik, oýun usullary degişlidir.

Oguljan MÄMMEDOWA,
Tejen şäherindäki 15-nji çagalar bagynyň müdiri.