Kärine kämil zenan

24 Iýun 2021
1418

Ha ynanyň, ha ynanmaň, Käkil mugallymyň tigir sürýäni-hä hak. Özem, 70 ýaşyň içinde. Ol ýaşaýan ýeri bilen işleýän mekdebiniň aralygyndaky bäş kilometrlik ýoly tigirli geçýär. Bu obanyň gyz-gelinleri meýdan işine-de tigirli gatnaýarlar. Hawa-da, hiç kime ýük-alada bolman, tigriň bilen barmaly ýeriňe çalt hem kösenmän ýetip bilýäň. Onsoňam, tigir sürmegiň ynsan saglygy üçin neneňsi peýdalydygyny oba adamlaryna tekrarlamagyň hajaty ýok. Olar mähriban Arkadagymyzyň paýtagtymyza tigirli gezelençlerini mawy ekran arkaly hezil edip synlaýarlar, guwanýarlar hem bu göreldäni dowam etdirmäge çalyşýarlar. Gyşyň aňzagy, tomsuň epgegi diýmän, tigirli işe gatnaýan Käkil mugallym hem özüni diýseň sagdyn, ruhubelent duýýar, «ylgap ýöreýär» diýilýänlerden. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çar künjegindäki oba-kentleriň hatarynda Gultak obasy-da täze keşbe girip, ýol-ýodalar abatlandy, asfalt düşeldi. Indi tigri höwesine sürübermeli.

Bugdaýreňkden gelen agajetli, häsiýeti boýunça galjaň, ilgezik zenanyň mugallymçylyk kesbi-kärinde işleýänine ýarym asyr töweregi wagt bolupdyr. Käkil mekdebe gatnap başlan gününden diýen ýaly, okuwdan soň deň-duşlary bilen kolhoz meýdanynda işledi, gowaça otady, ýekeleme etdi, pagta ýygdy, körek arassalady. Ýöne okuwyny welin, hiç wagt ünsden düşürmedi. Okuwa gatnaşygy we ýetişigi boýunça diňe synpynda däl, tutuş mekdepde hem göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanaldy. Çeper edebiýaty gowy görensoň, gijelerine kitap okardy. Okan kitaplary ýaş gyzyň edebiýata bolan höwesini artdyrdy. Geljekde ýokary bilim alyp, dil we edebiýat mugallymy bolmagy arzuwlady.

Keýik UMAROWA,
žurnalist.