Ýaş nesil baradaky alada

18 Iýun 2021
1010

Hormatly Prezidentimiziň kanunçylygyň goragynda durup, hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak, hukuk medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Esasan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän şol çärelerde milli kanunçylyk giňden, hemmetaraplaýyn düşündirilip, ýaşlarymyza kanuna laýyk hereket etmek, hukuk taýdan düşünjeli bolmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukugy bilmek, borja düşünmek, ähli hereketlere jogapkärçiligi duýmak öwredilip, hukuk taýdan medeniýetli bolmak wagyz-nesihat edilýär.

Şu günki ýaşlar — Watanymyzyň ertirki eýeleri. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, öwrenmekleri, ylym-bilim alyp, mähriban halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimizde ähli şertler döredilendir.

Laçyn AKGAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.