Ylym — kämilligiň binýady

17 Iýun 2021
1067

Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli bilim-ylym ulgamy kämilleşdirilýär, ösüp gelýän ýaş nesil milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelenýär, olar ylmy işlere giňden çekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Ýaşlar özleriniň ylmy açyşlary bilen ýurdumyzy gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda dürli ylmy bäsleşikler geçirilip, ýaşlarymyz olara işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi olaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga, döredijilik hyjuwyna giň ýol açýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ylmyň ösen ýerinde ýokary ykdysadyýet we gülläp ösüş bolýandyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär. Ylym ulgamynyň gurluşy, dolandyrylyşy, hukuk binýady kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman ylmyny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri, alymlary taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Ylym ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Mährijemal NEPESOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.