Çeper edebiýatyň ähmiýeti

22 Iýun 2021
2496

Çagalary terbiýelemekde söz sungatynyň, ýagny dilden-dile geçip gelen halk döredijiliginiň, nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň edebi mirasynyň ähmiýeti biçak uly bolup, olaryň terbiýeçilik täsiri çagalar üçin-de, ulular üçin-de güýçlüdir. Bäbejik hüwdi bilen rahatlandyrylýan, dünýä inen ilkinji günlerinden enäniň arzuwlary aňyna siňdirilýän bolsa, ulaldygyça oňa goşgular okap, ertekilerdir hekaýalar gürrüň berilýär. Bu işleriň binýady maşgalada tutulyp, çagalar bagynda dowam etdirilýär. Sözleýiş kämilligi, daş-töweregine, deň-duşlaryna, ululara bolan hormat-sylag maşgalada kemala getirilýär, ösdürilýär. Bu işlerde çeper dilde beýan edilen edebi mirasymyzdan peýdalanmagyň, beýik şahsyýetlerimiziň döredijiliginden çagalara okap bermegiň ähmiýeti uludyr.

Alym şahyrlarymyz mekdebe çenli ýaşly çagalara edebi eserleri öwretmegiň ähmiýetiniň uludygyny, ol eserleriň körpeleriň düşünjesini ösdürýändigini, söz baýlygyny artdyrýandygyny öz işlerinde belleýärler. Olar körpelere güýçýeterli, düşnükli bolan eserleriň alynmalydygyny, ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar tarapyndan öwredilmelidigini maslahat berýärler. Bu aýdylýanlary gadymyýetiň gatlaryndan habar berýän eserlerimiz hem subut edýär. Beýik alym Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» eserinde gadymy danalaryň biriniň şeýle sözleri mysal getirilýär. Dana öz çagasynyň terbiýeçisine: «Olara dogruçyllygy öwret. Olary pes bolmakdan daşda sakla, sebäbi olarda gorky, edep we ylym ýokdur. Olary belentlikden daşda sakla, sebäbi olar ýeňilkelledir, beýnisi duýgular bilen gurşalandyr. Olara haýyrly işleri wasp eder we haýry söýer ýaly şygyr öwret» diýip tabşyrýan eken. Munuň manysy: az sözde giň manynyň berilmegi, goşgy setirleriniň kapyýalaşmagy, ýagny akgynly, sazlaşykly aýdylmagy çagada joşgunlylygy ýüze çykarýar, şeýle-de ene hüwdüsini gana-gana diňlän çaga goşga imrinegen bolýar. Çaganyň goşgynyň sözlerini gaýtalasy gelýär, heniz hemme sözi doly aýdyp bilmese-de, äheňi esasynda, düşnüksiz hem bolsa, şol setirleri aýtmagy başarýar. Çagada arzuw-isleg biziň pikir edişimizden has öňräk döreýär. Biziň şony wagtynda duýup bilmegimiz gerek. Has kiçi ýaşly, ýagny 1-2 ýaşly çaganyň eline suratly kitaby berip, okamagy tabşyranymyzda çagada üýtgeşik ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny görmek bolýar. Çaganyň dodajyklary herekete gelýär, düşnüksiz bolsa-da, söze meňzeş bolan seslenme döreýär. Çagajyk özüçe kitaby okaýar. Bu ýagdaýlar goşgyny aýtdyrjak bolanymyzda hem şeýledir. Çaga bir bent goşgynyň iki setirini aýdyp berip, gaýtaladanymyzda düşnüksiz sözlerden düzülen, emma heň taýdan dogry aýdylýan setirleri eşidýäris. Bu çaganyň ilkinji sözleýşidir. Çünki kitap, ondaky suratlar, goşgynyň akgynlylygy çagada gyzyklanmanyň ilkinji şinelerini döredýär. Bu ýaşdaky çaga doly sözläp bilmänsoň, soraga hem hereketi bilen jogap berýär. Suratdaky ýagdaýy öz hereketleri bilen görkezýär. Şonuň üçin-de, ata-enelerdir terbiýeçiler körpeler bilen söhbetdeş bolanlarynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri bilen birlikde edebi mirasymyzyň, ýagny nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň dürdänelerini ýaş aýratynlygyna laýyklykda çagalaryň dykgatyna ýetirmelidirler.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.