Ruhy dünýäniň genji-hazynasy

20 Iýun 2021
971

Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda kitaba goýulýan sarpa has belende göterildi. Çünki kitap — ylmyň açary, ruhy dünýäniň genji-hazynasy. Kitabyň ynsan aňyýetiniň ösüşinde tutýan orny barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda aýratyn bellenilip geçilýär. Bu gymmatly kitapda ýazylyşy ýaly, «Kitap tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär.

Ynsanyň watançylyk, sowatlylyk, medeniýetlilik derejesini ösdürmekde kitabyň uly orny bardyr. Bahasyna ýetip bolmajak, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan gymmatly kitaplar kitaphanalarda jemlenýär. Bu bolsa, kitaphanalaryň ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýän mukaddes ojakdygyny alamatlandyrýar.

Bäşim MUHYÝEW,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.