Bagtyýarlyk zamanamyzyň watan goragçylary

16 Iýun 2021
1058

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan ýylynda her bir günümiz mähriban halkymyzy bagtyýarlyga besleýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ýokary bilimli hünär derejesine eýe bolmaga uly mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary üçin edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletimiz günsaýyn galkynýar, has-da beýgelýär.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň pähim-parasada ýugrulan bu sözleri ýurdumyzyň ylymda, bilimde, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, galyberse-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünliklerimiziň ylym-bilimden gözbaş alýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».