Ak ýollara rowana (Uçurym — 2021)

18 Iýun 2021
1373

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlaryň gutardyş dabaralary geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda okuwyny üstünlikli tamamlap, täze durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň müňlerçesi bu gün saýlap alan hünäriniň eýesi boldular. Şeýle şatlykly, tolgundyryjy günlerde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem 2020-2021-nji okuw ýylynda nobatdaky uçurymlaryny işe ýollady.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň düzüminiň üýtgedilmegi bilen döredilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty indi ikinji gezek öz uçurymlaryny goýberdi. Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem ýokary okuw mekdebimizde şu mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy. «Uçurym» aýdymynyň ýaňlanmagy bilen başlanan çäräniň dowamynda institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, ata-eneler uçurymlara tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edip, olara ömrüniň täze basgançagynda ak ýol arzuwladylar.

Oguljan AÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.