"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Dil baýlygy — il baýlygy.

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. DIL DÖWLETDIR

Arkadagyň nusgawy watançylyk sapagy

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji säherinde hormatly  Prezidentimiz ýaş nesliň hakydasynda müdimi orun aljak taryhy duşuşygy geçirip, özüniň gymmatly pikirlerini paýlaşdy, ýaş nesle öwüt-nesihatlaryny berdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagy diňe bir mekdep okuwçylary ýa talyplar üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin möhüm ähmiýetli taryhy waka öwrüldi.

Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky ýazgylary Parižiň auksionynda satlyga çykarylar

Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky golýazma hasaplamalary Parižde auksiona çykarylýar. Häzirki wagtda alymyň bellikleri Gonkongdaky «Christie's» auksion öýünde saklanýar. Otnositellik teoriýasy üçin hasaplamalar kagyz ýüzüne ýazylypdyr. Şeýle-de Eýnşteýn ýazgylara teswirleri goşupdyr, şonuň üçin ýazgylar arkaly onuň ähli pikirlerini we çykaran netijelerini yzarlap bolýar. Maglumat berlişine görä, Eýnşteýniň ylmy ýazgylarynyň söwdasy 23-nji noýabrda başlanar. Auksionyň başlangyç bahasynyň 2 million ýewrodan bahalanýanlygy habar berilýär.

Ýollar açyk döretjege, gurjaga

Ykbalyň göterilse, döwlet ýar bolýan ekeni. Türkmen halkyna hut şeýle ykbal miýesser etdi. Ata-babalarymyzyň nijeme asyrlaryň dowamynda Garaşsyzlyk, özbaşdaklyk, erkinlik barada eden arzuwlary, umytlary amala aşdy. Eziz Türkmenistanymyz indi 30 ýyldan bäri Garaşsyz. Agzybir we zähmetsöýer halkymyz hormatly Prezidentimiziň adyl we parasatly baştutanlygynda asyrlara barabar menzilleri geçip, ösüşiň täze belentliklerini eýeledi, öz ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazandy. Şol sebäpli halkymyz agzybirikde geljegiň beýik wezipelerini çözýär. Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan, bagtyýar we röwşen geljegiň binýadyny gurýan ildeşlerimiziň arasynda ýaşlar hem az däl. Olaryň şu bagtyýar günlerimize guwançlary çäksiz, geljege ynamlary örän pugta. Sebäbi milli Liderimiz Türkmenistany bagtly çagalygyň, olaryň iň süýji arzuwlarynyň amala aşýan ýurduna öwürdi. Geljek bolsa ýaşlaryň elinde. Olaryň bilimli, hünärli, arassa ahlakly, watansöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär, döretmek, gurmak üçin ähli şertler döredilýär. Biz şeýle ajaýyp we beýik döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzy bildirýäris hem-de eziz Watanymyza gerekli, ilimize peýdaly adamlar bolup ýetişmegi ýüreklerimizde besleýäris. Munuň üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Täze bilim, hünär ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda.

Bilim ulgamynda belent sepgitler

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek we ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzda döwrüň ösen talaplaryna laýyk bolan milli bilim ulgamy kemala gelýär we bu ugurda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada söz açyp: «Biz häzir Türkmenistanda milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler geçirmäge girişdik. Şol özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip nygtaýar. Türkmen halky geçmişde hem ylym-bilime uly ähmiýet berip gelipdir. Bu barada halk arasynda «Akyl — ylmyň hyrydary», «Akyl ýaşda däl, başda», «Alym gül getirer, ary — bal», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bilimli — uçar», «Bir — okana, bir — dokana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilýän dana, dil bilmeýän diwana», «Är görki — akyl» ýaly parasatly öwüt-ündewlere ýugrulan nakyllar nesilden-nesle geçip gelipdir.

Kämil bilim ulgamy

Bilim, ylym ähli döwürlerde hem ösüşleriň binýady hasaplanyp, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ilerlemeginiň gözbaşy hökmünde kämilleşdirilipdir. Bilim ulgamyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan üns merkezinde boldy. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim, ylym ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe çykardy. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş neslimiziň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmeginiň esasynda Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň iň ösen kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrüljekdigine berk ynanýaryn» diýip, ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagynda ýaşlaryň kämil bolmalydygyny belleýär. Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi sport bilen meşgullanmagy, öwrenenlerini tejribede amala aşyrmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny ösdürmek bilen bagly tagallalary netijesinde, ýaşlara berilýän bilimiň hili gowulandyrylyp, mazmuny has-da çuňlaşdyryldy. Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy döwrebap derejede ösdürildi, okatmagyň ýokary hil derejesi üpjün edilip, mugallymlaryň hünär tejribesi yzygiderli artdyrylyp, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan nesli terbiýelemek babatynd

Türkmen biliminiň taryhy ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, taryhy işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýatymyzyň, şol sanda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ruhubelent bolmaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp bilmekleri we döwrebap bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen umumy okuw sapagyny geçdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmegi ýurdumyzda bilimli nesliň ýetişmegine uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Sapagyň täsirliligi tejribä bagly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Men XI synpyň ekologiýa sapagyndan «Suw biosferadaky ýaşaýşyň hadysalarynyň esasy şerti hökmünde» diýen temany geçişim barada söhbet açmakçy.

Zehinli ýaşlar buýsanjymyzdyr

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň oňat okap bilim almaklary, hünäre ugrukmaklary, döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy, milli mirasa, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna hormat goýýan nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillerimizde Watana, zähmete söýgini artdyrmak, olaryň maksadaokgunly, belent ahlak ruhunda terbiýelenmegini gazanmak babatdaky gelip çykýan wezipeler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýaşlarymyzyň hünär endiklerini ösdürmegiň, olaryň zehin-başarnygyny ýüze çykarmagyň irki ýetginjeklik döwründen başlanylmalydygy barada şeýle belläp geçýär: «Ýaşlarda özbaşdaklyk endiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kemala getirmeli. Eýýäm ýetginjeklik ýaşynda olar ulularyň durmuşyna girişýärler. Şonda hem hünäre bolan höwes has aýdyň ýüze çykýar. Eýýäm mekdep döwürlerinde dürli hünärlere ukyply ýaşlar kemala gelýärler». Şundan görnüşi ýaly, dürli ulgamlarda zähmet çekýän, gulluk edýän, okap bilim alýan ýaşlaryň hünär başlangyçlaryny, zehin-başarnyklaryny, ruhy we maddy isleglerini höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Şol maksat bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Ýaşlaryň ýaşaý

Bäsleşik üstünlikli geçirildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 5-6-njy synp okuwçylarynyň arasynda matematika, 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa geografiýa dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna zehinli okuwçylaryň birnäçesi gatnaşdy. Bu dersler boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saýlap alan ugurlaryndan ökde hünärmenler we Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak nesiller edip ýetişdirmek bäsleşigiň baş maksady boldy.

Ylym — kämilligiň açary

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli berkitmek üçin uly işler alnyp baryldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary netijesinde, bilim hem ylym ugrundan uly işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýip belleýär.

Täze tehnologiýalar okuw işimizde

Täze tehnologiýalara esaslanyp, dürli ykdysady pudaklara sanlylaşdyrmagyň ornaşdyrylýan hem-de onuň kämilleşdirilýän häzirki döwründe ýokary bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler giň gerime eýe bolýar. Täze tehnologiýalary ýokary bilime ornaşdyrmaga degişli alnyp barylýan işleri döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge, onuň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ilkinji nobatda bellemeli zatlaryň biri ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak üçin, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesindäki ýaly, ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlary esasynda ulanylyşa

Dilim bar — sarpam bar

Ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklaryň biri-de dildir. Ol adamlaryň arasynda özara gatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Diliň üsti bilen adamlar pikirlerini beýan edýärler. Şonuň üçin dil hazyna diýilmäge doly esas bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dili öwrenmegiň ähmiýeti barha artýar. Köp adam öz ene dilinden başga-da, daşary ýurt dilini öwrenmäge ürç edýärler. Eýsem-de bolsa dil öwrenmek üçin iň amatly ýaş näçekä? Meniň pikirimçe, islendik täze zady, şol sanda dili öwrenmegiň belli bir kesgitli ýaşy ýokdur. Islendik ýaşda täze bir dili öwrenmäge näçe ir başlansa, şonça-da gowy hasaplanýar. Galyberse-de, milli buýsanjymyz, gadymy hem müdimi egsilmejek ruhy baýlygymyz bolan dilimizi ýoýmaly däl.

Asylly terbiýe — ýagty geljegiň nury

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle durnukly bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe berilmegine, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän terbiýe mekdebi asylly ýörelge edilip, ýaşlara döwrebap bilim öwredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüp gelýän ýaş nesline talabalaýyk bilim-terbiýe bermek, olaryň saglygyny goramak döwletimiziň baş maksatlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň il-halk, döwlet ähmiýetli beýik işleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerine sazlaşýan ulgamyna öwrülip, halkymyzyň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Taryhyň bütin dowamynda mähriban halkymyz sagdyn, ajaýyp gylyk-häsiýetli, ak ýürekli, belent ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdir. Häzirki döwürde hem biz halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam edýäris» diýip parasatly belleýär.

Birinji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

Ajaýyp döwrümiziň waspçylary  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem güýçli depginde ösýär. Uzaklary nazarlaýan milli bilim ulgamyny dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden ornaşdyrylýar. Şonuň esasynda her ýaş nesliň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlara okuw usulyýet ders berlişini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýaşlar biziň geljegimiz

Şu günler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli özgertmeler, rowaçlyklar bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede garşylamak üçin uludan taýýarlyk görülýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ýokary ösüşlere eýe bolýar. Syýasatda, ykdysadyýetde eýelenýän belent sepgitler, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen pähimli ýörelgä esaslanýan adalatly, parasatly, parahatçylyksöýüjilige we çuň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň aýdyň miweleridir. Bu bolsa, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmeklige, ýurdumyzy kuwwatly, senagat taýdan ösen, halkara arenasynda hormatlanýan dünýewi, hukuk, demokratik döwlete öwürmeklige gönükdirilendir. Milli Liderimiziň alyp barýan iňňän oýlanyşykly döwlet syýasaty kämil jemgyýeti berkarar etmeklige gönükdirilen ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde barha rowaçlanýar.

Berkden tutup bilimleriň binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn

Gijelerine asmandaky ýyldyzlar deýin ýaldyraýan, gündizlerine bolsa erkana asmanyň astynda lowurdap parlaýan Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şatlykly pursatlara beslenip, ata-baba arzuwlap gelnen döwletli ýurdumyz özüniň bedew batly, berk binýatly ösüşleri bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara hem gyzgyn mähir bilen garşylaýar. Mizemezlige eýerilen şeýle ajaýyp döwrümizde ählimizi bir saçagyň başyna jem eden hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň, halkymyzyň öňündäki bitirýän sogaplara ýugrulan işleri geljegimiziň aýdyň şuglalanmagyna, parahat asmanymyzyň astynda, ajaýyp ýurdumyzyň gujagynda erkana ýaşap, döredip gurmagymyza gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň geljegi, Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri üçin bize, ylaýta-da, ýaşlara uly ynam bildirýär. Göwünlerimize özüniň sahawaty bilen adamkärçiligiň tohumyny sepen hormatly Prezidentimiz halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri bitirmek bilen, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar.

Aýdyň geljege şamçyrag

Ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän bilim edaralary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam bilen üpjün edilen okuw şertleri — bular Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde giň gerimli mümkinçilikleriň özenini düzýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy aýratyn ýatdagalyjy wakalaryň birine öwrüldi. Şonda milli Liderimiz: «Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamyny ösdürýäris» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagynyň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şund

Ösüşleriň berk binýady

Halkymyz öz döredijiligini, durmuş ýörelgesini, medeniýetini bilimiň üsti bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Ösen jemgyýetiň ilkinji wezipesi ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilimli, giň gözýetimli, döretmäge we gurmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky alada bolup durýar. Her bir döwletiň ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi. Bilim ulgamyny düýpgöter özgertmek ýurdumyzyň geljegini, onuň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşini kesgitleýän baş şertleriň biri bolup durýar. Ýaşlarda umumy medeniýeti, intellektual taýýarlygyny we zerur bolan iş endiklerini kemala getirmäge, ösüp gelýän ýaş nesli syýasy, zähmet, ahlak, estetiki we fiziki taýdan terbiýelemäge, olary döredijilik dünýäsine ugrukdyrmaga, zehinlerini açmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren ösüş ma

Taryhy waka buýsanç

Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu duşuşykda hormatly Prezidentimiz ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne bolup, höwes bilen okamagy, döretmegi, eziz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi ündedi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşy durmuşymyzyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakyndaky täsirli sapagy hemmeler bilen birlikde biz — mugallymlar üçin hem uly ähmiýete eýe boldy. Biz ylym we bilim ýoly bilen beýik geljegimizi gurýarys. Hut şonuň üçin ýaşlarymyz tutanýerlilik we erjellik bilen üznüksiz okamaly, täze bilimleri giňden özleşdirmeli. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edildi, sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary n