Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky ýazgylary Parižiň auksionynda satlyga çykarylar

26 Sentýabr 2021
1256

Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy baradaky golýazma hasaplamalary Parižde auksiona çykarylýar. Häzirki wagtda alymyň bellikleri Gonkongdaky «Christie's» auksion öýünde saklanýar. Otnositellik teoriýasy üçin hasaplamalar kagyz ýüzüne ýazylypdyr. Şeýle-de Eýnşteýn ýazgylara teswirleri goşupdyr, şonuň üçin ýazgylar arkaly onuň ähli pikirlerini we çykaran netijelerini yzarlap bolýar. Maglumat berlişine görä, Eýnşteýniň ylmy ýazgylarynyň söwdasy 23-nji noýabrda başlanar. Auksionyň başlangyç bahasynyň 2 million ýewrodan bahalanýanlygy habar berilýär.

Taýýarlan: Bägül GURBANDURDYÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň A.Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.