«7/24.tm», № 39 (70), 27.09.2021.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji säherinde hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň hakydasynda müdimi orun aljak taryhy duşuşygy geçirip, özüniň gymmatly pikirlerini paýlaşdy, ýaş nesle öwüt-nesihatlaryny berdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagy diňe bir mekdep okuwçylary ýa talyplar üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin möhüm ähmiýetli taryhy waka öwrüldi.