Berkden tutup bilimleriň binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn

22 Sentýabr 2021
1071

Gijelerine asmandaky ýyldyzlar deýin ýaldyraýan, gündizlerine bolsa erkana asmanyň astynda lowurdap parlaýan Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şatlykly pursatlara beslenip, ata-baba arzuwlap gelnen döwletli ýurdumyz özüniň bedew batly, berk binýatly ösüşleri bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara hem gyzgyn mähir bilen garşylaýar.

Mizemezlige eýerilen şeýle ajaýyp döwrümizde ählimizi bir saçagyň başyna jem eden hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň, halkymyzyň öňündäki bitirýän sogaplara ýugrulan işleri geljegimiziň aýdyň şuglalanmagyna, parahat asmanymyzyň astynda, ajaýyp ýurdumyzyň gujagynda erkana ýaşap, döredip gurmagymyza gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň geljegi, Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri üçin bize, ylaýta-da, ýaşlara uly ynam bildirýär. Göwünlerimize özüniň sahawaty bilen adamkärçiligiň tohumyny sepen hormatly Prezidentimiz halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri bitirmek bilen, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».