Ösüşleriň berk binýady

21 Sentýabr 2021
841

Halkymyz öz döredijiligini, durmuş ýörelgesini, medeniýetini bilimiň üsti bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Ösen jemgyýetiň ilkinji wezipesi ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilimli, giň gözýetimli, döretmäge we gurmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky alada bolup durýar. Her bir döwletiň ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi.

Bilim ulgamyny düýpgöter özgertmek ýurdumyzyň geljegini, onuň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşini kesgitleýän baş şertleriň biri bolup durýar. Ýaşlarda umumy medeniýeti, intellektual taýýarlygyny we zerur bolan iş endiklerini kemala getirmäge, ösüp gelýän ýaş nesli syýasy, zähmet, ahlak, estetiki we fiziki taýdan terbiýelemäge, olary döredijilik dünýäsine ugrukdyrmaga, zehinlerini açmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren ösüş maksatnamalary geçen ýyllarda gazanylan makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermäniň esasynda taýýarlanylyp, ylmy taýdan esaslandyrylandyr. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda senagatyň pudaklarynyň ösüşini ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak göz öňünde tutulandyr.

Akgül BAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.