Taryhy waka buýsanç

21 Sentýabr 2021
971

Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu duşuşykda hormatly Prezidentimiz ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne bolup, höwes bilen okamagy, döretmegi, eziz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi ündedi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşy durmuşymyzyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakyndaky täsirli sapagy hemmeler bilen birlikde biz — mugallymlar üçin hem uly ähmiýete eýe boldy.

Biz ylym we bilim ýoly bilen beýik geljegimizi gurýarys. Hut şonuň üçin ýaşlarymyz tutanýerlilik we erjellik bilen üznüksiz okamaly, täze bilimleri giňden özleşdirmeli. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edildi, sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini amala aşyrylýan işler bilen gazanýan üstünliklerimiz aýdyň görkezýär.

Nurjemal GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.