Asylly terbiýe — ýagty geljegiň nury

23 Sentýabr 2021
1043

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle durnukly bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe berilmegine, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän terbiýe mekdebi asylly ýörelge edilip, ýaşlara döwrebap bilim öwredilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüp gelýän ýaş nesline talabalaýyk bilim-terbiýe bermek, olaryň saglygyny goramak döwletimiziň baş maksatlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň il-halk, döwlet ähmiýetli beýik işleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerine sazlaşýan ulgamyna öwrülip, halkymyzyň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Taryhyň bütin dowamynda mähriban halkymyz sagdyn, ajaýyp gylyk-häsiýetli, ak ýürekli, belent ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdir. Häzirki döwürde hem biz halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam edýäris» diýip parasatly belleýär.

Maýa SARYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.