Dilim bar — sarpam bar

23 Sentýabr 2021
1019

Ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklaryň biri-de dildir. Ol adamlaryň arasynda özara gatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Diliň üsti bilen adamlar pikirlerini beýan edýärler. Şonuň üçin dil hazyna diýilmäge doly esas bar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dili öwrenmegiň ähmiýeti barha artýar. Köp adam öz ene dilinden başga-da, daşary ýurt dilini öwrenmäge ürç edýärler. Eýsem-de bolsa dil öwrenmek üçin iň amatly ýaş näçekä? Meniň pikirimçe, islendik täze zady, şol sanda dili öwrenmegiň belli bir kesgitli ýaşy ýokdur. Islendik ýaşda täze bir dili öwrenmäge näçe ir başlansa, şonça-da gowy hasaplanýar. Galyberse-de, milli buýsanjymyz, gadymy hem müdimi egsilmejek ruhy baýlygymyz bolan dilimizi ýoýmaly däl.

Jahan ÝEGŞEMOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.