Ýaşlar biziň geljegimiz

22 Sentýabr 2021
830

Şu günler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli özgertmeler, rowaçlyklar bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede garşylamak üçin uludan taýýarlyk görülýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ýokary ösüşlere eýe bolýar. Syýasatda, ykdysadyýetde eýelenýän belent sepgitler, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen pähimli ýörelgä esaslanýan adalatly, parasatly, parahatçylyksöýüjilige we çuň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň aýdyň miweleridir. Bu bolsa, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmeklige, ýurdumyzy kuwwatly, senagat taýdan ösen, halkara arenasynda hormatlanýan dünýewi, hukuk, demokratik döwlete öwürmeklige gönükdirilendir. Milli Liderimiziň alyp barýan iňňän oýlanyşykly döwlet syýasaty kämil jemgyýeti berkarar etmeklige gönükdirilen ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde barha rowaçlanýar.

Soltanmyrat GURBANOW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy.