Aýdyň geljege şamçyrag

22 Sentýabr 2021
967

Ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn ösüşlere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän bilim edaralary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam bilen üpjün edilen okuw şertleri — bular Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde giň gerimli mümkinçilikleriň özenini düzýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy aýratyn ýatdagalyjy wakalaryň birine öwrüldi. Şonda milli Liderimiz: «Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamyny ösdürýäris» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagynyň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunda orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda guralýandygyny hem aýratyn bellemek ýakymlydyr. Ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilýän «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat edilmegi hem bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň häzirki zaman usullary bolan bakalawr we magistr derejesi ornaşdyryldy. Bu bolsa ýaşlaryň alýan bilimlerini has oňat özleşdirmeklerine oňaýly şertleri döredýär.

Şöhrat BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.