Ýollar açyk döretjege, gurjaga

24 Sentýabr 2021
972

Ykbalyň göterilse, döwlet ýar bolýan ekeni. Türkmen halkyna hut şeýle ykbal miýesser etdi. Ata-babalarymyzyň nijeme asyrlaryň dowamynda Garaşsyzlyk, özbaşdaklyk, erkinlik barada eden arzuwlary, umytlary amala aşdy. Eziz Türkmenistanymyz indi 30 ýyldan bäri Garaşsyz. Agzybir we zähmetsöýer halkymyz hormatly Prezidentimiziň adyl we parasatly baştutanlygynda asyrlara barabar menzilleri geçip, ösüşiň täze belentliklerini eýeledi, öz ýaşaýşynyň täze hil derejesini gazandy. Şol sebäpli halkymyz agzybirikde geljegiň beýik wezipelerini çözýär.

Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan, bagtyýar we röwşen geljegiň binýadyny gurýan ildeşlerimiziň arasynda ýaşlar hem az däl. Olaryň şu bagtyýar günlerimize guwançlary çäksiz, geljege ynamlary örän pugta. Sebäbi milli Liderimiz Türkmenistany bagtly çagalygyň, olaryň iň süýji arzuwlarynyň amala aşýan ýurduna öwürdi. Geljek bolsa ýaşlaryň elinde. Olaryň bilimli, hünärli, arassa ahlakly, watansöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär, döretmek, gurmak üçin ähli şertler döredilýär. Biz şeýle ajaýyp we beýik döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzy bildirýäris hem-de eziz Watanymyza gerekli, ilimize peýdaly adamlar bolup ýetişmegi ýüreklerimizde besleýäris. Munuň üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Täze bilim, hünär ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda.

Gözel WELIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.