Bilim ulgamynda belent sepgitler

24 Sentýabr 2021
1123

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek we ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzda döwrüň ösen talaplaryna laýyk bolan milli bilim ulgamy kemala gelýär we bu ugurda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada söz açyp: «Biz häzir Türkmenistanda milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler geçirmäge girişdik. Şol özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip nygtaýar.

Türkmen halky geçmişde hem ylym-bilime uly ähmiýet berip gelipdir. Bu barada halk arasynda «Akyl — ylmyň hyrydary», «Akyl ýaşda däl, başda», «Alym gül getirer, ary — bal», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bilimli — uçar», «Bir — okana, bir — dokana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilýän dana, dil bilmeýän diwana», «Är görki — akyl» ýaly parasatly öwüt-ündewlere ýugrulan nakyllar nesilden-nesle geçip gelipdir.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.