Türkmen biliminiň taryhy ösüşi

23 Sentýabr 2021
1150

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, taryhy işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýatymyzyň, şol sanda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ruhubelent bolmaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp bilmekleri we döwrebap bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen umumy okuw sapagyny geçdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmegi ýurdumyzda bilimli nesliň ýetişmegine uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.