Kämil bilim ulgamy

23 Sentýabr 2021
921

Bilim, ylym ähli döwürlerde hem ösüşleriň binýady hasaplanyp, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ilerlemeginiň gözbaşy hökmünde kämilleşdirilipdir. Bilim ulgamyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan üns merkezinde boldy. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim, ylym ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe çykardy. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş neslimiziň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmeginiň esasynda Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň iň ösen kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrüljekdigine berk ynanýaryn» diýip, ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagynda ýaşlaryň kämil bolmalydygyny belleýär.

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi sport bilen meşgullanmagy, öwrenenlerini tejribede amala aşyrmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny ösdürmek bilen bagly tagallalary netijesinde, ýaşlara berilýän bilimiň hili gowulandyrylyp, mazmuny has-da çuňlaşdyryldy. Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy döwrebap derejede ösdürildi, okatmagyň ýokary hil derejesi üpjün edilip, mugallymlaryň hünär tejribesi yzygiderli artdyrylyp, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan nesli terbiýelemek babatynda uly işler durmuşa geçirildi.

Göwher ÇOPANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.