"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Halypa alym hakynda kelam

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär, alymlara hem-de mugallymlara belent sarpa goýulýar. Ylym-bilime goşant goşan alymlaryň biri hem Täşli Hydyrowdyr. Filosofiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, professor Täşli Hydyrow bütin ömrüni ylma bagyşlan görnükli alym, filosof. Ol çuňňur manyly öwüt-ündewleri, nesihatlary bilen köpleriň ýüreginde orun alan, mähriban, päk göwünli, ilhalar ynsandy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda biregne 50 ýyla golaý zähmet çeken halypa mugallymdy. Köpleriň halypasy, görnükli alym Täşli Hydyrowyň ylym-bilime goşandy uludyr. Ol 1931-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda Hydyr mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Hydyr Hudaýberdi ogly öňdebaryjy mugallymlaryň biri bolupdyr. Ol Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Türkmen magaryf okuw mekdebini tamamlap, 1928-nji ýylda obada mugallym bolup işe başlaýar.

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň bilim babatdaky kanunçylygynyň döwrüň häzirki zaman talaplaryna esaslanmak arkaly barha kämilleşdirilýändigini aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasion özgertmelere laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Resminama bilim edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem Konsepsiýa sanly bilim ulgamyny ösdürmegi, bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi w

Bilim ulgamyny ösdürmek — möhüm wezipe

Özbaşdak ösüşiň 30 ýyllyk tejribesini toplan Garaşsyz ýurdumyzda häzirki wagtda ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly, bilimli, giň gözýetimli türkmen ýaşlaryny kemala getirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýaşlarymyzyň ylym-bilim almaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Muňa Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda maksatnamalaýyn esasda üstünlikli amala aşyrylan giň möçberli ajaýyp özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda — 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyz giň mazmunly çykyş etmek bilen, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň özeninde ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitleriň durandygyny nygtady. Hususan-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde öňde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýtdy. Olaryň hatarynda ylym we bilim bilen bagly amala aşyrylmaly wezipäniň göz öňünde tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda amal edilýän özgertmeleriň ylym-bilime esaslanýandygyny görkezýär.

Binýatlyk özgertmeler

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar düýpli täze mazmuna eýe boldy. Bu bolsa milli ylym we bilim ulgamyny dolandyrmak, onuň jemgyýete peýdaly bolmagyny we durmuşa hyzmat etmegini gazanmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri ýüze çykarýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirkizaman bilim syýasatynyň esasy ugruny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu ugurdaky işleriň tapgyrlaýyn we toplumlaýyn esasda dowam etdirilýändigi-de bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hili-de halkara derejesine laýyk ýola goýulýar. Munuň bilen birlikde ýaş nesle döwrümiziň ösen talaplaryna görä bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň tejribesine daýanmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn nygtaýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan giň halkara tejribesine esa

Ýaşlara ynam — geljege umyt

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz geçirýän mejlislerinde ýaşlar we olaryň döwrebap ylym-bilim almaklary ugrunda döwletimizde mundan beýläk-de uly işleriň bitirilmelidigi barada aýdýar. Ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edepli-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ähli ösüşleriň gözbaşy

«Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris». Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap aýdan bu parasatly sözleri hukuk döwletimiziň ähli ugurlar babatda kanunçylyk binýadyny berkitmegiň anyk ýoluny salgy berýär. Şol taryhy çykyşynda milli Liderimiz sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty bilen bir hatarda, ylym, bilim babatda hem kanunçylygy kämilleşdirmegiň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmegiň ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp geçdi.

Kitap bilimleriň çeşmesidir

Okamak, öwrenmek ynsan üçin zerur bolan zatlaryň biridir. Ruhy iýmitiň esasy kitap okamakdyr. Kitap özüňe we ynsanlara hormat goýmagy öwredýär. Ynsan okamak bilen durmuşyny gözelleşdirýär, dünýäniň gizlin syrlaryny açýar, netijede, jemgyýete peýdaly adam bolup ýetişýär. Kitap okaýan adam köpçüligiň söýgüsini-de tiz gazanýar. Dürdäne pikirlerdir gyzyla gaplaýmaly öwüt-ündewler kitaplar arkaly nesilden-nesle geçip, ýürekleri ýyladýar, ýollarymyza şugla saçýar. Şonuň üçin hem kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyz ähli döwürlerde-de kitaba aýratyn sarpa goýupdyrlar. Munuň şeýledigine edebiýatymyzyň görnükli wekili Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň çäginde meşhur bilim ojaklarynyň birnäçesi bolupdyr. Köneürgenjiň, Merwiň, Abiwerdiň, Dehistanyň baý kitaphanalarynyň at-owazasy yklymlara ýaýrapdyr.

Bilim özgertmeleri — geljegiň berk binýady

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini gowulandyrmak babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäginde ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri umumybilim berýän edaralarda okuw-terbiýeçilik işini dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ulgamyň dolandyryş düzümini, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak esasynda utgaşykly alnyp barylýar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine daýanýar, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim-terbiýe meselesine uly üns berilýändigini alamatlandyr

Bulary bilmek gyzykly

Häzirki wagtda ähli edaralarda diýen ýaly tigirçekli oturgyçlar ulanylýar. Oturgyja tigirçek dakmagy ilkinji bolup alym Çarlz Darwin oýlap tapypdyr. Çünki alym iş otagynda dürli tejribeleri geçirende tigirçekli oturgyçda hereket etmek amatly bolupdyr. * * *

Üstünlikleriň aýdyň beýany

Ylym­ly, bi­lim­li nes­li ke­ma­la ge­tir­mek işi­niň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri-de, ýaş­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­ny ös­dür­mek­dir. Ýaş­la­ryň yl­my we çe­per ede­bi­ýa­ty oka­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mö­hüm­dir. Çün­ki, ede­bi­ýat adamza­dyň akyl-paý­ha­sy esa­syn­da dö­re­di­len mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­lar bo­lup, ol yn­sa­n üçin ze­rur gym­mat­lyk­la­ry dö­ret­mek işin­de baş çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da sun­gat, ede­bi­ýat äh­li dö­wür­ler­de jem­gy­ýe­tiň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup ge­lip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da be­lent ruh­ly, hem­meta­rap­la­ýyn ösen şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de çe­per ede­bi­ýa­tyň tut­ýan or­nu­na uly ba­ha ber­ýär. Bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz ga­dym­dan bä­ri pä­him-paý­ha­sa, ylym-bi­li­me uly sar­pa go­ýup, dün­ýä­de ylym­da öç­me­jek şan-şöh­rat ga­za­nan halk­dyr. Çün­ki ýaş nes­li­mi­zi Wa­ta­na, il-ul­su­na we­pa­ly, mert, gaý­duw­syz, mak­sa­da ok­gun­ly, jem­läp aýt­sak, kä­mil de­re­je­de ter­bi­ýe­le­mek­de çe­per ede­bi­ýat esa­sy çeş­me bo­lup dur­ýar. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly

Fizika dersini okatmakda kompýuteriň peýdalanylyşy

Häzirki wagtda bilimi, başarnygy, döredijiligi we akyl ýetirijiligi boýunça ösen ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr. Beýleki dersler bilen birlikde fizika sapagynda kompýuterden peýdalanmak okuwçylarda döredijilikli pikirlenişi, bilelikde işlemek endiklerini, akyl ýetirijiligi ösdürýär.

Bilim — kämilligiň gözbaşy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň baş mak­sa­dy hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni, döw­re­bap bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň ýag­ty gel­je­gi ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň aba­dan, ösen dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan, zäh­met ba­za­ryn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly, öz öňün­de aý­dyň mak­sat­la­ry go­ýup bil­ýän we ony üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gy ba­şar­ýan, Wa­ta­na we­pa­ly, il-hal­ky­my­za ýü­rek­den hyz­mat et­mä­ge bo­lan hy­juw­dan do­ly ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bu işiň esa­sy we­zi­pe­si­dir. Bu mö­hüm we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy düýp­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Labyzly okuw sapaklaryny guramak

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň ylymly, bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Döwlet derejesinde bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler bu günki gün öz miwesini berýär. Ýaş nesliň döwrebap mekdeplerde okap, bilim almaklary, galyberse-de, dünýä derejesindäki ders olimpiadalaryna gatnaşyp, mähriban Watanymyzyň abraýyny arşa galdyrmaklary hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrundaky alyp barýan işleriniň netijesidir. Orta mekdeplerde rus dili dersinden labyzly okuw sapagyny mugallym özüniň bilimine, ukybyna, başarnygyna görä baýlaşdyryp, täsirli bolmagyny gazanyp biler.

Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer

Ýurdumyzda ylym-bi­lim döw­re­bap ös­dü­ril­ýär, ýaş­la­ra çuňňur bi­lim-ter­bi­ýe be­ril­ýär. Şunda kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bir­lik­de dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek hem mö­hüm­dir. Bag­ty­ýar ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň bi­lim alyp, dür­li dil­le­ri bil­ýän, ylym­ly hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin eziz Di­ýa­ry­myz­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ra dün­ýä halk­la­ry­nyň dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýän ýaş­la­ry­myz dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­dan ha­bar­ly bol­ýar­lar, ylmy ede­bi­ýat­la­ry öz­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.

Asylly terbiýäniň mekdebi

Eziz Diýarymyzda edebiýatyň uly orny bardyr. Ynsan ýaşaýşynyň, ösüşiniň we kämilleşmeginiň esasy daýanjy bolan kitap türkmen halky üçin hiç bir wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmändir. Pähim-parasaty özünde jemleýän kitap ylmyň, terbiýäniň, hünär kämilliginiň gönezligidir. Durmuşyň lezzetini, hezzetini duýmak, peýdalanmak, saýlap alan hünäriňi ele almak üçin kitap uly gollanmadyr, ýakyn maslahatçydyr. Onuň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri, kämilligiň gönezligi bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap tapyp, islendik ugur boýunça maslahat alyp bolýar. Merdana halkymyz hemişe kitabyň muşdagy bolup, ony akyl we edep mekdebi hasaplapdyrlar. Kitaby özüniň iň ýakyn dosty we maslahatçysy hasaplapdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň beýany bolan gadymy eserleriň biziň günlerimize gelip ýetmegi, olaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň ruhy gymmatlyklary hökmünde aýawly saklanylýandygy muňa aýdyň mysaldyr. Dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler hemişe kitaba, bilime, ylma, ylymly adamlara uly hormat goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda şeýle belleýär: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr». Munuň özi kitabyň bagtyýarlyk döwrümizde hem gadyr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň geçirilýändigi yglan edilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň ýaş nesilleriniň döwrebap bilimli-terbiýeli we döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşjak giň dünýägaraýyşly, başarnykly we kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň binýatlyk esaslaryny wagyz etmek hem-de geljekki ykbalyny halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kärine baglamak isleýän aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebi «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan edýär. Bu bäsleşige gatnaşmagyň şertleri: — bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary (IX — XI) gatnaşyp bilerler;

Ýaş nesil hakda alada

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň durmuşyny ýokary derejelere göterjek özgertmeler amala aşyrylýar. Bagtyýar zamanamyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir başlangyç onuň dünýä ykdysadyýetine goşulmagyny gazanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny hem-de abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi nazarlaýar. Berkarar döwletimiziň nurly geljegi ylymly, bilimli, zähmetsöýer ýaşlaryň ýetişdirilmegine baglydyr. ªonuň üçin hem ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlaryny üpjün etmäge uly üns berilýär. Bilim edaralaryna häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimediýa serişdeleri, öňdebaryjy iş tejribeleri ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryny üpjün etmek, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy tassyklandy.

Başlangyç synplarda matematika sapagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, men öz guraýan sapaklarymyň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagyny hem-de täsirli bolmagyny gazanmak üçin ony gyzykly oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bilim edaralary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bu bolsa mugallymlaryň iş usullarynyň kämilleşmegine oňyn ýardam edip, okuwçylaryň-da sapaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna itergi berdi. Esasan-da, başlangyç synp okuwçylary bilen sapak guralanda, multimedia tagtasynyň ähmiýeti ýokary bolýar. Sebäbi çagalar gören zatlaryny gowy ýadynda saklaýarlar. Multimedia tagtasynda sapak bilen baglanyşykly görkezýän şekillerim olaryň ünsüni özüne çekýär we sapagy özleşdirmeklerine oňat täsir edýär.

Belent üstünlikleriň gözbaşy

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutulyp, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň sebitlerini ösdürmek, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle beýik ösüşleriň gazanylýan döwründe bilim ulgamy hem barha kämilleşdirilýär, döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler strategik häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda, ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belleýär.

Tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýeti

Ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplar, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Milli bilim ulgamynda sapaklar multimedia, kompýuter, informasion-kommunikasion tehnologiýalary ulanmak bilen guralýar. Multimedia tehnologiýalary ulanylyp guralýan sapaklar ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, geçilýän temany dersara baglanyşygynda töwerekleýin düşündirmäge ýardam berýär.