Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

14 Oktýabr 2021
995

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň bilim babatdaky kanunçylygynyň döwrüň häzirki zaman talaplaryna esaslanmak arkaly barha kämilleşdirilýändigini aýdyň tassyklaýar.

Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasion özgertmelere laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Resminama bilim edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem Konsepsiýa sanly bilim ulgamyny ösdürmegi, bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Aýmyrat BOZAKOW,
Gökdepe etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.