Bilim ulgamyny ösdürmek — möhüm wezipe

13 Oktýabr 2021
1003

Özbaşdak ösüşiň 30 ýyllyk tejribesini toplan Garaşsyz ýurdumyzda häzirki wagtda ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly, bilimli, giň gözýetimli türkmen ýaşlaryny kemala getirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýaşlarymyzyň ylym-bilim almaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Muňa Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda maksatnamalaýyn esasda üstünlikli amala aşyrylan giň möçberli ajaýyp özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda — 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyz giň mazmunly çykyş etmek bilen, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň özeninde ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitleriň durandygyny nygtady. Hususan-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde öňde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýtdy. Olaryň hatarynda ylym we bilim bilen bagly amala aşyrylmaly wezipäniň göz öňünde tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda amal edilýän özgertmeleriň ylym-bilime esaslanýandygyny görkezýär.

Merjen ANNAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.