Kitap bilimleriň çeşmesidir

13 Oktýabr 2021
986

Okamak, öwrenmek ynsan üçin zerur bolan zatlaryň biridir. Ruhy iýmitiň esasy kitap okamakdyr. Kitap özüňe we ynsanlara hormat goýmagy öwredýär. Ynsan okamak bilen durmuşyny gözelleşdirýär, dünýäniň gizlin syrlaryny açýar, netijede, jemgyýete peýdaly adam bolup ýetişýär. Kitap okaýan adam köpçüligiň söýgüsini-de tiz gazanýar. Dürdäne pikirlerdir gyzyla gaplaýmaly öwüt-ündewler kitaplar arkaly nesilden-nesle geçip, ýürekleri ýyladýar, ýollarymyza şugla saçýar. Şonuň üçin hem kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl.

Ata-babalarymyz ähli döwürlerde-de kitaba aýratyn sarpa goýupdyrlar. Munuň şeýledigine edebiýatymyzyň görnükli wekili Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň çäginde meşhur bilim ojaklarynyň birnäçesi bolupdyr. Köneürgenjiň, Merwiň, Abiwerdiň, Dehistanyň baý kitaphanalarynyň at-owazasy yklymlara ýaýrapdyr.

Döwletgül ÇOPANOWA,
Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.