Ähli ösüşleriň gözbaşy

13 Oktýabr 2021
967

«Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris».

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap aýdan bu parasatly sözleri hukuk döwletimiziň ähli ugurlar babatda kanunçylyk binýadyny berkitmegiň anyk ýoluny salgy berýär. Şol taryhy çykyşynda milli Liderimiz sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty bilen bir hatarda, ylym, bilim babatda hem kanunçylygy kämilleşdirmegiň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmegiň ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp geçdi.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».