Başlangyç synplarda matematika sapagy

10 Oktýabr 2021
1912

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, men öz guraýan sapaklarymyň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagyny hem-de täsirli bolmagyny gazanmak üçin ony gyzykly oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bilim edaralary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bu bolsa mugallymlaryň iş usullarynyň kämilleşmegine oňyn ýardam edip, okuwçylaryň-da sapaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna itergi berdi. Esasan-da, başlangyç synp okuwçylary bilen sapak guralanda, multimedia tagtasynyň ähmiýeti ýokary bolýar. Sebäbi çagalar gören zatlaryny gowy ýadynda saklaýarlar. Multimedia tagtasynda sapak bilen baglanyşykly görkezýän şekillerim olaryň ünsüni özüne çekýär we sapagy özleşdirmeklerine oňat täsir edýär.

Aýna ÇARYÝEWA,
Baýramaly etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.