Asylly terbiýäniň mekdebi

12 Oktýabr 2021
1080

Eziz Diýarymyzda edebiýatyň uly orny bardyr. Ynsan ýaşaýşynyň, ösüşiniň we kämilleşmeginiň esasy daýanjy bolan kitap türkmen halky üçin hiç bir wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmändir. Pähim-parasaty özünde jemleýän kitap ylmyň, terbiýäniň, hünär kämilliginiň gönezligidir. Durmuşyň lezzetini, hezzetini duýmak, peýdalanmak, saýlap alan hünäriňi ele almak üçin kitap uly gollanmadyr, ýakyn maslahatçydyr. Onuň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri, kämilligiň gönezligi bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap tapyp, islendik ugur boýunça maslahat alyp bolýar.

Merdana halkymyz hemişe kitabyň muşdagy bolup, ony akyl we edep mekdebi hasaplapdyrlar. Kitaby özüniň iň ýakyn dosty we maslahatçysy hasaplapdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň beýany bolan gadymy eserleriň biziň günlerimize gelip ýetmegi, olaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň ruhy gymmatlyklary hökmünde aýawly saklanylýandygy muňa aýdyň mysaldyr. Dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler hemişe kitaba, bilime, ylma, ylymly adamlara uly hormat goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda şeýle belleýär: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr». Munuň özi kitabyň bagtyýarlyk döwrümizde hem gadyr-gymmatynyň egsilmezdigine şaýatlyk edýär.

Miwe DINMÄDOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy.