Ýaş nesil hakda alada

11 Oktýabr 2021
894

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň durmuşyny ýokary derejelere göterjek özgertmeler amala aşyrylýar. Bagtyýar zamanamyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir başlangyç onuň dünýä ykdysadyýetine goşulmagyny gazanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny hem-de abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi nazarlaýar.

Berkarar döwletimiziň nurly geljegi ylymly, bilimli, zähmetsöýer ýaşlaryň ýetişdirilmegine baglydyr. ªonuň üçin hem ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlaryny üpjün etmäge uly üns berilýär. Bilim edaralaryna häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimediýa serişdeleri, öňdebaryjy iş tejribeleri ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryny üpjün etmek, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy tassyklandy.

Amantäç AMANGYLYJOWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.