Ylymly, bilimli nesli kemala getirmek işiniň möhüm ugurlarynyň biri-de, ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmekdir. Ýaşlaryň ylmy we çeper edebiýaty okamaklaryny gazanmak möhümdir. Çünki, edebiýat adamzadyň akyl-paýhasy esasynda döredilen maddy we ruhy gymmatlyklar bolup, ol ynsan üçin zerur gymmatlyklary döretmek işinde baş çeşme bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen bir hatarda sungat, edebiýat ähli döwürlerde jemgyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup gelipdir.
Hormatly Prezidentimiz bagtyýar zamanamyzda belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde çeper edebiýatyň tutýan ornuna uly baha berýär. Biziň ata-babalarymyz gadymdan bäri pähim-paýhasa, ylym-bilime uly sarpa goýup, dünýäde ylymda öçmejek şan-şöhrat gazanan halkdyr. Çünki ýaş neslimizi Watana, il-ulsuna wepaly, mert, gaýduwsyz, maksada okgunly, jemläp aýtsak, kämil derejede terbiýelemekde çeper edebiýat esasy çeşme bolup durýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly