Binýatlyk özgertmeler

13 Oktýabr 2021
1053

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar düýpli täze mazmuna eýe boldy. Bu bolsa milli ylym we bilim ulgamyny dolandyrmak, onuň jemgyýete peýdaly bolmagyny we durmuşa hyzmat etmegini gazanmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri ýüze çykarýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirkizaman bilim syýasatynyň esasy ugruny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu ugurdaky işleriň tapgyrlaýyn we toplumlaýyn esasda dowam etdirilýändigi-de bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hili-de halkara derejesine laýyk ýola goýulýar. Munuň bilen birlikde ýaş nesle döwrümiziň ösen talaplaryna görä bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň tejribesine daýanmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn nygtaýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan giň halkara tejribesine esaslanyp, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýola goýulýan işleri has-da ýygjamlaşdyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykmagynda öňde durýan möhüm wezipeler-de üstünlikli çözülýär. Ol wezipelere, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegi, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna elýeterliligiň üpjün edilmegi degişlidir.

Maral HUDAÝAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 21-nji «Aýperi» çagalar bagynyň müdiri.