Belent üstünlikleriň gözbaşy

10 Oktýabr 2021
928

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutulyp, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň sebitlerini ösdürmek, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle beýik ösüşleriň gazanylýan döwründe bilim ulgamy hem barha kämilleşdirilýär, döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar.

Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler strategik häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda, ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belleýär.

Güljemal AMANLYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.