"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Mirasym — mertebäm

Türkmeniň şöhratly ýoluna ser salanyňda, ata-babalarymyzyň geljekki nesillere milli mirasyň könelmejek nusgalaryny goýup gidendigine göz ýetirýärsiň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bize, ähli ugurlar bilen bir hatarda, halkymyzyň köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny öwrenmäge we halka ýetirmäge özboluşly itergi berdi. Şu jähetden, halk durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan milli gymmatlyklarymyzyň käbiri hakynda söhbet açmagy müwessa bildik. AK ÝÜP

Afiny akropoly

Ýewropa medeniýetiniň irki ojagy hasap edilýän Gresiýada taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Olardan iň meşhury bolsa ýurduň paýtagty Afinyda ýerleşýän, biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda gurlan Afiny akropolydyr. Deňiz derejesinden 152 metr belentlikde gurlan bu akropolyň ýerleşýän ýerinden tutuş şäheri synlamak bolýar. Bu ýer taryhyň dowamynda gurlan akropollaryň arasynda iň meşhurydyr. «Akropol» sözi grek dilinden terjime edileninde «akro» — ýokarky, «polis» — şäher, ýagny «ýokarky şäher» diýen manyny berýär. Afiny akropoly görnükli döwlet işgäri Periklesiň baştutanlygynda gurluşygyna başlanan binagärlik toplumy bolup, onuň gurulmagy, çaklamalara görä 50 ýyl dowam edipdir. Onuň özboluşlylygy üstünden müňlerçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, binalaryň köp böleginiň abat saklanmagydyr. Akropolyň esasy binagärlik ýadygärligi Parfenon ybadathanasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 447 — 432-nji ýyllarda gurlan ybadathana köpleriň ünsüni çekýär. Meşhur antik heýkeltaraşy Fidiasyň piliň süňkünden we altyndan ussatlyk bilen ýasan heýkeli ybadathananyň nyşanyna öwrülipdir. Häzirki wagtda bu ýerde ýerleşýän akropolyň girişindäki diwarlar, Afiny we Erektehion ybadathanalary gadymy ellin medeniýetiniň genji-hazynalarydyr. Şeýle hem, akropolyň golaýynda birwagt ýykylan «Dionis» teatrynyň galyndylary we häzirki wagtda hem ulanylýan «Herodes Atticus» teatry ýerleşýär.

Gumly obanyň geçmişi

Köýtendag etrabynyň çäginde taryhy-arheologik ýadygärlikleriň birnäçesi hasaba alyndy. Etrabyň Mukry şäherçesiniň demirýol menzilinden 10 kilometr gündogarda Gumdepe taryhy ýadygärligi ýerleşýär. Ony şertli ýagdaýda «nal görnüşli» diýip häsiýetlendirmek bolýar. Ýadygärligiň gündogar böleginde çuň çukur bar. Onuň günortasy we demirgazygy insiz atyzlar bilen gurşalandyr. Diňleriň galyndysy bolan depäniň sudury-da görünýär. Bu depede tapylan köpsanly keramika önümleriniň böleklerini antik döwrüne degişlidir diýip çaklamak bolýar. Keramika önümlerinden başga-da bu ýerden mis teňňeleriň ençemesi tapyldy. Alym-arheolog A.M.Mandelştam öz ylmy işinde tapylan teňňeleriň Kuşan döwrüne degişlidigini ýazýar. Bu sebitde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň alymlary dürli ýyllarda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler. Gadymy Gumdepe ýadygärligini russiýaly alym-arheologlar A.M.Mandelştam, W.N.Pilipko dagy hem öwrenip, özleriniň ylmy işlerinde giňden beýan etdiler. Gumdepäniň töwereginde geçmişde ilat ýaşapdyr diýmäge doly esas bar. Gum depeleriniň arasynda adamlaryň hojalykda ulanan gurallarynyň, küýzeleriň bölekleriniň tapylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Owaza örklenen ömür

Dänew etrabynyň Parahat obasynda ýaşaýan, milli mirasymyzyň hem-de taryhymyzyň janköýeri Batyr Abdyllaýewiň öz howlusynda döreden mirashanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşanymyzda Saparmyrat Çaňlyýew bilen dutarymy deň düzüp, onuň hoş owazly aýdymlaryny diňlemek hem-de manyly ömri bilen tanyşmak maňa miýesser etdi. Saparmyrat bagşy ýüpek ýaly ýumşak häsiýetli adam ekeni. Gojanyň diňe bir hoş owazly aýdymlary däl, eýsem, onuň örän esasly hem-de salykatly söhbetleri-de meniň gursagyma ornaşdy. Onuň babasy Söýün aga tüýdük çalar ekeni. Agasy Annamyrat bolsa ökde gargy tüýdükçi bolupdyr. Obadaşy Ýazjuma bagşa uzak ýyllaryň dowamynda sazandalyk edip gezipdir. Saparmyrat çagalykdan bagşy-sazandalaryň ýanyndan aýrylmandyr. Ilkinji aýdymlaryny öwrenip, agasynyň tüýdügine öz sesini goşupdyr. Bilýän aýdymlarynyň sanyny birneme artdyrandan soň, onda dutar çalmaga höwes döräpdir.

Gülleri bar, göller bilen bäsleşer

Göwni gözellige teşne, inçe duýguly zenanlaryň döredýän sungat derejesindäki ajaýyplyklaryna haýran galmazlyk mümkin däl. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen, zehini zyýada zenanlaryň mähir-yhlas siňdirip döredýän el işleriniň gadyr-gymmaty ýokary galýar. Döwürlere mähribanlyk şuglasyny çaýýan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny täzeçe öwüşgin bilen bezäp, mynasyp dowam etdirýän zenanlar uly abraýa, sylaga eýedir. Şeýle hormata mynasyp, işine erjel zenanlaryň biri welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy, etrap zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bazargül Annaýewadyr. Milli senedimiz bolan keçe taýýarlamagy ussatlyk bilen başarýan zenan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ezber elli zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Biz eli çeper, işine ussat zenan bilen keçe taýýarlamagyň inçe usullary baradaky söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Bazargül mugallym, ilkinji nobatda, sizi gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Bäsleşigiň özüňizde galdyran ýakymly täsirleri barada berjek gürrüňleriňiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek!

Soltan Sanjaryň kümmeti — şöhratly taryhymyzyň gymmaty

1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumynyň arasynda beýik seljuk soltany Sanjaryň tabşyrygyna laýyklykda bina edilen kümmet görenleri haýrana goýýar. Öz döwrüniň meşhur binagäri Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlan, ençeme ýüzýyllyklardan bäri özüniň owadanlygy, berkligi, beýikligi bilen tapawutlanan bu ymarat bu günki gün hem «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň merjeni hasaplanylýan Soltan Sanjaryň aramgähi hökmünde meşhurdyr. Kümmetiň salynmagynyň düýp sebäbini bolsa, asman perisi we Soltan Sanjar bilen baglanyşykly asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatda şeýle delillendirilýär:

Milli itşynaslyk mekdebini kämilleşdirmegiň hukuk esaslary

Öý haýwanlary bolan itler halklar arasynda eýesine wepalylyk, tebigy ýagdaýlara çydamlylyk, duýgurlyk, hüşgärlik endikleri bilen ynsanyň ynamdar dosty hökmünde tanalýar. Türkmen halkynda-da örän irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän däplere görä, ynsana mahsus düşbüligi bilen tapawutlanýan ite öý-hojalyk durmuşynda aýratyn orun berlipdir. It öý-ojagyň, töwerek-daşyň goragçysy, üstünlik-rowaçlygyň, rysgal-bolçulygyň alamaty hasaplanýar. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň özüniň syrdaş dostuna, ebedi hemdemine, ýakyn kömekçisine öwren alabaý hem tazy itleriniň ynsan ykbalynda eýeleýän orny, batyrlygy, görgürligi, syzgyrlygy, edermenligi barada halk ertekilerinde, rowaýatlarynda, nakyl-matallarynda giň söhbetler açylýar. Itleriň oba-garalary, süri-goşlary howp-hatara, çylşyrymly pursatlara sezewar bolmakdan halas eden, üstünlik-ýeňişlere goşant eden şöhratly wakalary, kynçylyga duş gelen uly-kiçä görkezen gaýtalanmajak pena-goldawlary hakyndaky ýatlamalar dilden-dile, nesilden-nesle geçip ýaşap gelýär. Häzirki taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň itlerde oňat gylyk-häsiýetleri emele getirmek, olara tälim bermekde toplan gadymy tejribelerine esaslanmak, itleriň gymmatly tohumynyň genofonduny kemala getirmek hem köpeltmek, bu ugurda ylmy we tälimçilik işlerini yzygiderli esasda guramak ählumumy we toplumlaýyn häsiýete eýe boldy. Aşgabat şäherinde açyla

Türkmen tamdyrynyň gudraty

Türkmeniň dünýä belli ak bugdaýy, ondan önýän mele-myssyk çörek we çörek önümleri, bularsyz gündelik durmuşy göz öňüne getirmek-de mümkin däl. Her bir öýüň howlusyna ýaraşyk berýän tamdyr bolsa keramatyň, mukaddesligiň, agzybirligiň, bolelinligiň nyşany. Işjanly, zähmetsöýer, merdana, sabyr-takatly halkymyzyň geçmişine, şu gününe nazar aýlanyňda, onuň baý medeni mirasynyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň haýsy birini alsaň-da, olar görüm-görelde mekdebidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu ajaýyplyklar, özleriniň döreden senetleri barada gyzykly gürrüňler bermäge döwtalapdylar. Indi, görüp otursak, yhlas bilen döredilen her bir senet durşy bilen sungat eseri eken. Olar bize «Görüň, eşidiň, özüňizden soňkulara-da ýadygär goýuň!» diýip, wesýet eden ekenler.

Alaja

Mähriban ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren çeper el işleriniň, hünäriniň miwesi bolan alajanyň nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. Alaja akly-garaly sapaklardan örülen ýa-da işilen sapak bag bolup, gelin-gyzlarymyz el işlerinde oňa aýratyn orun beripdirler. Eli çeper, dili şeker gelin-gyzlarymyzyň çekýän keşdelerinde, dokaýan halylarynda, dürli nagyşlarynda alajanyň şekiline hemişe gabat gelmek bolýar. Alajany dürli görnüşli, reňkli sapaklary goşup örüp, togalak we ýasy görnüşde taýýarlamagy başaran ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz gözden-dilden gorasyn diýip, onuň has inçeden nepis örülenlerini çagajyklaryň ellerine, boýunlaryna we düşejikleriniň gyralaryna dakypdyrlar. Ýasy görnüşde taýýarlanan alajany bolsa täze doglan bäbejigi gundamak, şeýle-de sallançak bagy üçin ulanypdyrlar. Alajany gözden-dilden goraýan mukaddes zat hökmünde kabul eden ene-mamalarymyz ony diňe bir çagalaryna, öýlerine, el işlerine dakmak bilen çäklenmän, eýsem, köşejiklerdir taýjagazlaryň-da boýnuna dakypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň «Saglyk — abatlyk» atly bölümindäki: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar», şeýle-de: «Gadymy döwürlerde-de ak öýleriň dulunda alaja ýüp germelip, şoňa kilim atylyp, sallançak edilipdir» diýen setirleri okanyňda alajany ene-mamala

Gadymy senet — müdimi senet

Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklardan gözbaş alýan senedimiz bolan türkmen keçelerine aýratyn üns berilýär. Keçe amaly-haşam sungatyna degişli bolup, ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýran müdimi senetdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Altaýdaky Pazyryk depesinden diňe bir türkmen halysy däl, türkmen keçesiniň hem bölekleriniň tapylandygy aýdylýar. Bu bolsa keçe senediniň köküniň has gadymdan gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täze ylmy gözlegleri barada

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar. Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň ikinji çärýeginiň şanly seneleri we wakalary mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. Şol şanly seneleriň hatarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar. 

Ga­dy­my, mü­di­mi küý­ze­ler

Ga­dy­my dö­wür­ler­de bi­ziň eli hü­när­li ata-ba­ba­la­ry­myz dür­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, kü­lal­çy­lyk işi bi­len meş­gul­la­nyp, küý­ze­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ýa­sap­dyr­lar. Küý­ze­ler halk dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­mak bi­len, halkymyzyň otu­rym­ly ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da, çar­wa­çy­lyk­da, eke­ran­çy­lyk­da azyk-suw­luk ga­by hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Ta­ry­hy çeş­me­ler türk­men küý­ze­le­ri­niň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny kül­ter­läp, dün­ýä ýurt­la­ry­na ar­gy­şa gid­ýän ker­wen­çi­le­riň esa­sy ga­by bo­lan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Ker­wen bi­len söw­da-sa­tly­ga bar­ýan tä­jir­ler uzak ýo­ly ge­çip, ýol­la­ryň ug­run­da­ky ker­wen­sa­raý­lar­da düş­le­me­li bo­lup­dyr. Şol ha­lat­da içi suw­ly hum küý­ze­ler, jür­dek­ler, or­maç­lar, mar­dak­lar, çal-ça­pyr­ly gor­küý­ze­ler, içi to­şap­ly gol­ça­lar, ak­ýag­ly, ga­ra go­wur­dak­ly göw­düş­ler azyk-suw­luk ga­by bo­lup hyz­mat edip­dir.

“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täze ylmy gözlegleri barada

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar. Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň ikinji çärýeginiň şanly seneleri we wakalary mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. Şol şanly seneleriň hatarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar.

Ene arzuwyny wysal eden

Halyçylyk senedi öz gözbaşyny gojaman taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Haçanda ony synlanyňda, gelin-gyzlaryň beýik sungat eserine siňdiren mähir-yhlasy kalbyňa ornaýar. Il içinde halyçylyga ömrüni bagyş eden gelin-gyzlar juda kän. Serdar şäheriniň zenanlary hem ýyllarboýy bu sungaty ösdürmek üçin çeken janypkeşlikli zähmeti bilen ussatlaryň hatarynda tanalýar. Olaryň dünýä beren ajaýyp sungat eseri bolan äpet nepis halylary bu aýdylanlara düýpli delil bolup biler. Biz ömür örküni şu nepis sungata baglan halypa halyçy zenanlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildik. 1967-nji ýylda Serdar şäherinde Mämmedowlaryň agzybir, döwletli ojagynda dünýä inen gyzjagazy gülleriň täjine deňäp, Täjigül diýip at goýupdyrlar. Maşgalada dokuz çaga bolup, şolaryň dördüsi gyz eken. Täjigül ikinji gyz perzendi bolansoň, Nazsoltan daýza ony halyçylyk senedine ugrukdyrmagy uly gyzy Baýramgüle tabşyrýar. Nazsoltan daýzanyň haly bilen bagry badaşansoň, ol perzentleriniň hem bu ýoly dowam etmegini isleýär. Aýal doganynyň göreldesine eýerip, bu ugurda ilkinji ädimleri äden Täjigülüň hünär ýoly, ine, şeýdip başlanýar.

Nesillere nusgalyk ömür ýoly

Hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde maslahatlar geçirildi. Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde geçirilen maslahat «Mert pederleriň ýoly dowamat-dowam» diýlip atlandyryldy. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi, görnükli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmeniň wepadar dosty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna we naýbaşy gymmatlyklaryna goýulýan sarpa günsaýyn artýar. Türkmeniň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden we häzirki döwre çenli öz milli gymmatlygyny saklap gelen ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda, wepadar dosty hasaplanylýan alabaý iti hem milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegidir. Alymlarymyz türkmen alabaýynyň müňýyllyklaryň dowamynda öz asyl tohumyny ýitirmän gelen az sanly jandarlaryň biridigini bireýýäm tassykladylar. 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

«Jomardy il tanyr, adyly — diwan»

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köpöwüşginli. Käbir setirler, jümleler täsinligi bilen has özüne çekiji. Şahyryň «Daş döker» goşgusyndaky: «Jomardy il tanyr, adyly — diwan» diýen setirleri hem şeýle häsiýete eýe. Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde gadymy döwürde bir mesele ýüze çyksa, «Diwany dogry kes» diýen söz jümlesi ulanylypdyr. Diwan — meseläniň dogry çözülmegi, adyllyk ýoly, adyl kazy. Magtymguly ýokardaky setirleriniň üsti bilen meseläniň adyl ýol bilen çözülmeginde diwanyň ähmiýetini beýan edipdir.

Taryhy tejribäni ösdürip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna we naýbaşy gymmatlyklaryna goýulýan sarpa günsaýyn artýar. Türkmeniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alyp gaýdýan we häzirki döwre çenli milli gymmatlygyny saklap gelen ahal-teke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda wepadar dosty hasaplanylýan alabaýy hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçiler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde dabaraly ýagdaýda belleniler. Şunuň bilen baglylykda türkmen topragynda döräp, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen alabaý itlerini halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde gorap saklamak, olaryň şan-şöhratyny belende götermek hem-de itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek maksady bilen «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bugdaý sözler dürdäne

Halkymyzyň arasynda: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýlen nakyl giňden ulanylýar. Milli we edebi mirasymyza ser salsak, bugdaý bilen baglanyşykly döredilen çuňňur manyly eserler hakydalarda ýaşap gelýär. Bugdaý güýzüň soňky aýy, arly gyş hem ýazyň başky iki aýy — alty aýda bir garyş, soňky bir aýda bolsa alty garyş boý alýar. Biziň ene-mamalarymyz çaga hüwdülänlerinde: «Ballym janyň harmany, bugdaýy il dermany», «Bugdaýyň ak unundan çelpek gelsin gyzyma» diýen sözleri ulanýarlar. «Garny ýaryk, gyzyl süýri, ysgynsyzyň bire-biri» diýen matalyň jogaby hem bugdaý bolmaly. Pederlerimiz gowy sözi näçe iýseň-de, tükenmejek bir halta bugdaýa meňzedipdirler. Türkmen edebiýatynda adamyň ýagşy gylyk-häsiýetlisi bugdaýyň keşbinde suratlandyrylýar.

Hatdat hatyň ussady

Syýasatda, edebiýatda uly yz goýan, taryh atly ummanyň çuňluklarynda lagly-göwher ýaly nur saçýan şahsyýetler hatdatlyk sungatynda hem ýeterlik bar. Bu sungat barada Gündogar şahyrlarynyň biri: «Ýaranlar baş urmaň hatdatlyk işe,Eniside tamam boldy bu pişe»