Afiny akropoly

24 Awgust 2022
521

Ýewropa medeniýetiniň irki ojagy hasap edilýän Gresiýada taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Olardan iň meşhury bolsa ýurduň paýtagty Afinyda ýerleşýän, biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda gurlan Afiny akropolydyr. Deňiz derejesinden 152 metr belentlikde gurlan bu akropolyň ýerleşýän ýerinden tutuş şäheri synlamak bolýar. Bu ýer taryhyň dowamynda gurlan akropollaryň arasynda iň meşhurydyr. «Akropol» sözi grek dilinden terjime edileninde «akro» — ýokarky, «polis» — şäher, ýagny «ýokarky şäher» diýen manyny berýär.

Afiny akropoly görnükli döwlet işgäri Periklesiň baştutanlygynda gurluşygyna başlanan binagärlik toplumy bolup, onuň gurulmagy, çaklamalara görä 50 ýyl dowam edipdir. Onuň özboluşlylygy üstünden müňlerçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, binalaryň köp böleginiň abat saklanmagydyr. Akropolyň esasy binagärlik ýadygärligi Parfenon ybadathanasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 447 — 432-nji ýyllarda gurlan ybadathana köpleriň ünsüni çekýär. Meşhur antik heýkeltaraşy Fidiasyň piliň süňkünden we altyndan ussatlyk bilen ýasan heýkeli ybadathananyň nyşanyna öwrülipdir. Häzirki wagtda bu ýerde ýerleşýän akropolyň girişindäki diwarlar, Afiny we Erektehion ybadathanalary gadymy ellin medeniýetiniň genji-hazynalarydyr. Şeýle hem, akropolyň golaýynda birwagt ýykylan «Dionis» teatrynyň galyndylary we häzirki wagtda hem ulanylýan «Herodes Atticus» teatry ýerleşýär.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».