Türkmeniň wepadar dosty

18 Awgust 2022
541

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna we naýbaşy gymmatlyklaryna goýulýan sarpa günsaýyn artýar. Türkmeniň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden we häzirki döwre çenli öz milli gymmatlygyny saklap gelen ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda, wepadar dosty hasaplanylýan alabaý iti hem milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegidir. Alymlarymyz türkmen alabaýynyň müňýyllyklaryň dowamynda öz asyl tohumyny ýitirmän gelen az sanly jandarlaryň biridigini bireýýäm tassykladylar.

2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Merdan BABAKULOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.