Taryhy tejribäni ösdürip

17 Awgust 2022
552

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyna we naýbaşy gymmatlyklaryna goýulýan sarpa günsaýyn artýar.

Türkmeniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alyp gaýdýan we häzirki döwre çenli milli gymmatlygyny saklap gelen ahal-teke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny bilen bir hatarda wepadar dosty hasaplanylýan alabaýy hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçiler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde dabaraly ýagdaýda belleniler. Şunuň bilen baglylykda türkmen topragynda döräp, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen alabaý itlerini halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde gorap saklamak, olaryň şan-şöhratyny belende götermek hem-de itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek maksady bilen «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Röwşen JÄJIÝEW,
Saýat etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.