“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täze ylmy gözlegleri barada

22 Awgust 2022
366

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar.

Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň ikinji çärýeginiň şanly seneleri we wakalary mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. Şol şanly seneleriň hatarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar.