Ene arzuwyny wysal eden

20 Awgust 2022
611

Halyçylyk senedi öz gözbaşyny gojaman taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Haçanda ony synlanyňda, gelin-gyzlaryň beýik sungat eserine siňdiren mähir-yhlasy kalbyňa ornaýar. Il içinde halyçylyga ömrüni bagyş eden gelin-gyzlar juda kän. Serdar şäheriniň zenanlary hem ýyllarboýy bu sungaty ösdürmek üçin çeken janypkeşlikli zähmeti bilen ussatlaryň hatarynda tanalýar. Olaryň dünýä beren ajaýyp sungat eseri bolan äpet nepis halylary bu aýdylanlara düýpli delil bolup biler. Biz ömür örküni şu nepis sungata baglan halypa halyçy zenanlaryň biri barada söhbet etmegi makul bildik.

1967-nji ýylda Serdar şäherinde Mämmedowlaryň agzybir, döwletli ojagynda dünýä inen gyzjagazy gülleriň täjine deňäp, Täjigül diýip at goýupdyrlar. Maşgalada dokuz çaga bolup, şolaryň dördüsi gyz eken. Täjigül ikinji gyz perzendi bolansoň, Nazsoltan daýza ony halyçylyk senedine ugrukdyrmagy uly gyzy Baýramgüle tabşyrýar. Nazsoltan daýzanyň haly bilen bagry badaşansoň, ol perzentleriniň hem bu ýoly dowam etmegini isleýär. Aýal doganynyň göreldesine eýerip, bu ugurda ilkinji ädimleri äden Täjigülüň hünär ýoly, ine, şeýdip başlanýar.

Süleýman HANGELDIÝEW.
Serdar şäheri.