Gülleri bar, göller bilen bäsleşer

24 Awgust 2022
532

Göwni gözellige teşne, inçe duýguly zenanlaryň döredýän sungat derejesindäki ajaýyplyklaryna haýran galmazlyk mümkin däl. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen, zehini zyýada zenanlaryň mähir-yhlas siňdirip döredýän el işleriniň gadyr-gymmaty ýokary galýar. Döwürlere mähribanlyk şuglasyny çaýýan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny täzeçe öwüşgin bilen bezäp, mynasyp dowam etdirýän zenanlar uly abraýa, sylaga eýedir. Şeýle hormata mynasyp, işine erjel zenanlaryň biri welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy, etrap zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bazargül Annaýewadyr. Milli senedimiz bolan keçe taýýarlamagy ussatlyk bilen başarýan zenan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ezber elli zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Biz eli çeper, işine ussat zenan bilen keçe taýýarlamagyň inçe usullary baradaky söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

— Bazargül mugallym, ilkinji nobatda, sizi gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Bäsleşigiň özüňizde galdyran ýakymly täsirleri barada berjek gürrüňleriňiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek!