«Jomardy il tanyr, adyly — diwan»

18 Awgust 2022
511

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köpöwüşginli. Käbir setirler, jümleler täsinligi bilen has özüne çekiji. Şahyryň «Daş döker» goşgusyndaky: «Jomardy il tanyr, adyly — diwan» diýen setirleri hem şeýle häsiýete eýe.

Gündogar halklarynda, şol sanda türkmenlerde gadymy döwürde bir mesele ýüze çyksa, «Diwany dogry kes» diýen söz jümlesi ulanylypdyr. Diwan — meseläniň dogry çözülmegi, adyllyk ýoly, adyl kazy. Magtymguly ýokardaky setirleriniň üsti bilen meseläniň adyl ýol bilen çözülmeginde diwanyň ähmiýetini beýan edipdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.